Maý 29, 2020 17:49 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn, 27-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň halklarynyň, edil şonuň ýaly-da tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlary boýunça özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň baştutanlarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen tarapy gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliliginiň ardyrylmagy boýunça degişli meseleler girizilmegi göz öňünde tutulan owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini goldady. Diplomatlar Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň oňaýly geosyýasy ýerleşişi nukdaýnazaryndan sebitiň ykdysady integrasiýasynyň güýçlendirilmegi we söwdanyň göwrümleriniň düýpli artdyrylmagy babatynda bu ulag ugrunyň önjeýli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyny aýratyn bellediler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň koronawirusyň planetar ölçegde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we wagtydygyny bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Bu ugurda türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatalarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Tag

Teswirler