Iýun 01, 2020 21:27 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň ministrler kabinetinde TOPH gaz geçiriji proýekti barlanyldy

Türkmenistanyň döwlet toparynyň ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün türkmen hökümetiniň ýygnagynda premýer-ministriň orunbasary Myratgeldi Myradow TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy bilen baglanyşykly işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Myradowyň pikiriçe, döwlet eýeçiligindäki Türkmen gaz kompaniýasy Hongkong kompaniýasy bilen gaz geçirijisiniň we gaz gysyjy ulgamynyň gurluşygyna tehniki gözegçilik etmek barada ylalaşyk gazanandyr.

Türkmen resmisiniň sözlerine görä, TOPH turbageçirijisiniň Owganystan serhedine Türkmenistan böleginde kebşirleýiş işleri tamamlandy we Türkmen gaz kompaniýasy zerur mukdarda klapanlary üpjün edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ýurduň bu taslama boýunça daşary ýurt taraplar bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Takmynan üç aý ozal Türkmen hökümeti TOPH taslamasynyň Türkmen bölümi boýunça turbalaryň uzynlygynyň 206 km boljakdygyny habar berdi.

Türkmenistan gazyny Owganystan,Pakistan we Hindistan ýurtlaryna ýetirjek 1800 km uzynlygy boljak TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistandan aýry ýurtlardaky bölekleriniň ykbaly heniz näbellidir.

Teswirler