Iýul 02, 2020 15:52 Asia/Ashgabat
  • Bojnourd bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawy başlaýar

Türkmenistan paýtagt Aşgabatdan Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Bojnourd şäherine göni uçuşyň başlanjakdygyny habar berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, uçuş Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen şertnamanyň çäginde başlar.

Bu uçuşy amala aşyrmagyň esasy maksady sebitde syýahatçylygy ösdürmekdir we uçuşlary ýerine ýetirmek jogapkärçiligini Eýranyň "Iran Air" kompaniýasy öz üstüne alar.

Demirgazyk Horasan welaýaty we Türkmenistan serhetdeşdirler we Bojnourdyň syýahatçylyk ýerleri türkmen raýatlaryny özüne çekýär.

Häzirki wagtda Maşat-Gürgen gury ýer ýoly, türkmen raýatlary üçin iň meşhur syýahatçylyk ýoludyr.

Tag

Teswirler