Iýul 02, 2020 18:35 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak synanyşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça bäşinji konferensiýasyny geçirýändigini habar berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, ýygnakda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wepa hajyvew, hökümet wekilleri, hususy bölüm we Bütindünýä Söwda Guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bütindünýä söwda guramasyna ykjamlyk görkezýän ýurtlaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hajyýew, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak maksady barada Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy halkara ykdysady gurluşlaryň ýakynlaşmagyna goşant goşýar we daşary ýurt maýasynyň özüne çekilmegine, maýadarlara we işewür hyzmatdaşlara kepillikleriň berilmegine sebäp bolýar diiýp yglan etdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow 15-nji maýda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyny derňemek üçin döwlet topary döretdi we Türkmenistany synçy hökmünde bellemek baradaky karara gol çekdi.

Geňeşiň alyp barýan işleriniň netijesinde halkara hünärmenleri we guramanyň agzalary bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmen resmileriniň pikiriçe, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Tag

Teswirler