Awgust 04, 2020 09:58 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

 

 Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi.

Bu ýurtda  şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary bar. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Onuň düzümine ähli görkezijileri boýunça ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän dürli maksatly onlarça desga girýär.

Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýurtda ýolbaşçy düzümi hem zähmet dynç alşynda bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary dynç alyşlaryny işjeň we saglyk üçin peýdaly geçirmäge çalyşýarlar. Olar dürli sport oýunlaryny we çärelerini guraýarlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar.   Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, işjeň, netijeli dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, gün tertibini berjaý etmek — bularyň ählisi adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak üçin zerur şertlerdir.

Türkmenistanda taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, häzirki zaman öňüni alyş çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ähli ulgamlarda we pudaklarda, şol sanda saglygy goraýyşda giňden ulanylýan sanly tehnologiýalar onuň üçin täze mümkinçilikleri açýar. Elbetde, şunda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga aýratyn orun degişlidir.

 

Tag

Teswirler