Sentýabr 17, 2020 17:57 Asia/Ashgabat
  • Owganystan dawalarynyň çözülmegi, TAPI taslamasyny durmuşa geçiremek üçin Türkmenistana gowy pursatdyr

Türkmenistanyň owgan gepleşiklerindäki wekili owganlaryň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bu ýurduň Aşgabadyň ykdysady taslamalarynyň, şol sanda TAPI liniýasynyň durmuşa geçirilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Daşkentdäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Reşid Meredow Kataryň Doha şäherinde sebit ýurtlarynyň we käbir ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen owganara gepleşiklerindeberen gürrüňlerinde Aşgabat Owganystandaky konflikti çözmekde kömek bermäge taýýardyr diýdi.

Meredow "Aşgabadyň" syýasy gepleşikleri geçirmäge, şeýle hem TAPI gaz geçiriji infrastruktura taslamalary, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji liniýasy, demir ýol aragatnaşygy we ynsanperwer kömegi arkaly Owganystanyň ykdysady integrasiýasyna kömek etmäge taýýardygyny aýtdy.

Owganystanyň hökümeti bilen "Talybanyň" wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyry 12-nji sentýabrda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirildi we ahyrynda iki tarap hem uzak möhletleýin parahatçylyk şertnamasyna gol çekişjekdiklerine we birek-birege garşy harby hereketleri togtatjakdyklaryna umyt bildirdi.

Gepleşiklere Türkmenistan ýaly 30-a golaý ýurtdaky syýasy ofisleriň wekilleri gatnaşdy.

Tag

Teswirler