Sentýabr 19, 2020 13:16 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana baran Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Taraplar bilelikdäki toparyň ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň möhüm ähmiýet berýän nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Demirgazyk - Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň gurluşygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösýändigi bellenildi. Munuň özi iki ýurduň ösüşiniň we rowaçlygynyň wajyp şerti bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň netijesidir.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gazagystanyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça köpugurly esasda ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we anyk çäreleri kesgitlediler.

Ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlary boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň örän wajypdygyny nygtap, şu günki mejlisiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklara mundan beýläk-de kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Tag

Teswirler