Ýanwar 25, 2020 22:24 Asia/Ashgabat
  • عباس موسوی
    عباس موسوی

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili , Seiýed Abbas Musäwi, ýadro ylalaşygyň ýerine Trampyň ylalaşygynyň oturdylmagyny Amerikalylaryň ham hyýallarynyň çarçuwasynda bildi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili , Seiýed Abbas Musäwi, ýadro ylalaşygyň ýerine  Trampyň ylalaşygynyň oturdylmagyny Amerikalylaryň ham hyýallarynyň çarçuwasynda bildi.

Seiýed Abbas Musäwi , Amerikaň daşary işler ministrliginde Eýrana garşy toparyň başlygy edilen Braýan Hokyň tarapyndan Trampyň ylalaşygynyň görnüşe goýulmagyna gaýtawul berip , düýn ikindin tweeter sahypasynda , Trampyň ylalaşygy diýlen gürrüň diňe Amerikalylaryň gadymdan bolýan ham hyýallarynyň görnüşe goýulmagydyr, bu zat Amerikalylaryň tekepbirçilikden we özlerini uly tutmaklaryndan göz baş alandyr diýip ýazdy. Trampyň ylalaşygy diýlen gürrüň , Ýewropa ýurtlaryň , ýadro ylalaşygy baradaky agyz alalyklary çözýän  mehanizmi aktiwleşdirmekleri bilen zamandaş ara atylandyr we ýadro ylalaşyga hiç bir ilteşikli ýeri bolmaýan 3 mesele ýaňadan beýan edilendir. Eýranyň orany baýlaşdyrmakda haky bolmaly däldir. Eýranyň raketa taslamasy barada gepleşik geçirilmelidir we Eýranyň sebitleýin syýasaty üýtgemelidir diýlen gürrüňler , hamana , Trampyň ylalaşygynyň çarçuwasynda yglan edilendirler. Bu zatlar mundan ozal hem ýadro ylalaşygyň kä bir Ýewropaly taraplary şol sanda Britaniýa arkaly ara atylandyrlar. Bu gürrüňler ýadro meselesinde Ýewropaň  Amerika bilen sazdaş bolýandygyny we garaşsyz roly oýnap başarmaýandygyny belli etýändir. Şu çarçuwada , Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif , geçen çarşenbe güni tweeter sahypasynda , Ýewropany , Amerikaň prezidentiniň gümrük salgytlar bilen haýbat atmagyndan soň ýadro ylalaşyk baradaky täze boluşy babatly tankyt edip Ýewropa gowysy öz häkimiýetini ýörütsin diýip ýazdy. Ýewropa ýadro ylalaşygyň garşysyndaky täze boluşy bilen , Amerikaň garşysynda ejiz bolýandygyny we garaşsyz tutumlary tutup başarmaýandygyny ýene bir gaýtar görkezendir. Trampyň Ýewropaň maşynlarynyň Amerika ýurdyna eksport edilmekleriniň garşysynda 25 göterim gümrük salgytlary aljakdygy barada haýbat atmagy Ýewropaň ykdysady we syýasy taýdan neçenne Waşyňtona bakna bolýandygyny görkezendir. Ýadro ylalaşygyny , bütin dünýä diplomatiýaň we dünýäň 6 gudratynyň rol oýnamagynyň netijesi bilýän Ýewropa bu günki gün bu halk ara ylalaşygyň bir tarapy hökmünde , garaşsyz roly oýnap bu ylalaşygy gutuldyryp başarýan däldir. Amerikaň prezidentiniň atan haýbatlarynyň garşysynda Ýewropaň yza çekilmegi , Ýewropaň gudrat sütünlerini sarsdyrandyr, şeýlede Trampyň gümrük salgytlar bilen haýbat atyp ýadro ylalaşygyň dargamagy ugurunda etýän işleri , Ýewropaň garşysynda Amerikaň prezidentiniň berýän soňky buýrugy boljak däldir. Haýbat atyp gorkuzmak , Amerikaň maksadlaryna ýetilmegi ugurunda Trampyň ileri sürýän syýasatydyr we egerde Ýewropalylar bu syýasaty hemralyk etmeklerini dowam etseler, Ýewropaň häkimiýetiniň we gudratynyň gelejegine asla göz tikip boljak däldir.Şeýle ýagdaýda ýadro ylalaşygy gutuldyryp başarýan iş , bu ylalaşygyň Ýewropaly taraplaryň öz borjlarynda tapylyp , täze meseleleri ara atyp täze ylalaşygyň bolmagy baradaky gürrüňlerinden el çekmekleridir. O nama bu zatlar ham hyýaldan başka zat däldirler. O nama Eýran bir garaşsyz ýurtdyr we öziniň goranyş işleri we ornaýan örileri barada hiç kim bilen gürrüň etýän däldir.

 

Tag

Teswirler