Ýanwar 29, 2020 19:17 Asia/Ashgabat
  • t
    t

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Asryň Söwdasy atly pylan , Palestina halkynyň hukukyna we arzyly maksatlaryna dönüklik etmek we Asryň Dönükligi diýip yglan etdi.

Eýran  Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Asryň Söwdasy atly pylan , Palestina halkynyň hukukyna we arzyly maksatlaryna dönüklik etmek we Asryň Dönükligi diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýid Abbas Musawi , öten agşam Asryň Söwdasy atly planyň açylşa berilmegine gaýtawul berip , bu planda , Palestinalylaryň dogdyk mekanlary we watanlary hakda bolan hak hukuklary we Palestinalylaryň deslapky hak hukuklary görmezlik edilendir diýdi. Ol Amerikaň Palestinalylara tonkap duran erbet ýaraş adyndaky plany  şowsyzlyga uçrajakdyr diýdi. Amerikaň bir taraplaýyn we kämil Palestinalylaryň tersine bolan Asryň Söwdasy atly plany öten agşam Amerikaň prezidenti we Sionist režimi bilen oňuşmaly diýýän kä bir arap ýurtlaryň huzurly bolmaklary bilen Waşyňtonda açylşa berildi.

Amerikaň bu plany esasynda , Gods , bäride ýasalan Ysraýyl režimiň paýtagty bolýandyr we Godsyň eýeleri , Gods hakda hiç bir haklary boljak däldir. Bu Asryň Söwdasy atly Amerikaly planyň , Sionist režimiň hyzmatynda bolup , onyň döwülüp barýan amanlygyny berkitmek üçin öňe sürülüp durulanlygyny aňsaň bolýandyr. Kä bir oňuşmaly diýýän arap ýurtlaryň Palestinanyň arzyly maksatlaryna , bu Asryň Söwdasy atly planyň açylşa berilip durulan mahalynda , dönüklik etmekleri kämil äşgärdir. Oňuşmaly diýýän kä bir arap ýurtlar , isläp ýa da islemezden yslam dünýäsiniň isleýän meselesi bolan , Palestina we şerif Godsy ýatdan çykarmak we palestina halkyny ýaragdan boşatmak ugurda , Amerika äw Sionist režimi bilen hyzmatdaş bolup durandyrlar. Şu ýerlikde , Palestinaň Yslam Çydam hereketi bolan Hämäsiň wekili , Haled Älgodumi , Asryň Söwdasy atly planyň açylşa berilmegine gaýtawul görkezip bu planyň asly maksatlarynyň birisi , Palestinaň çydam güýçleriniň ýarag enjamlary bilen garşylaşmakdyr diýip belledi. Ol , Sionist režimi , Palestinalylaryň bu ýarag enjamlary bilen garşylaşyp başarmady we Palestinaň çydam güýçleri Sionistleri şowsyzlyga uçradyp ýeňip başarandyrlar diýdi.

Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýniň ilçileri Asryň Söwdasy atly planyň açylşa berilmeginde huzurly bolandyrlar.

 

Tag

Teswirler