Mart 24, 2020 22:06 Asia/Ashgabat
  • دیپلماسی سلامت
    دیپلماسی سلامت

Eýran yslam respublikasynyň korona wirusynyň abandyrýan jahanlyk howpy bilen täsirli göreşmegiň ýanynda, Amerikanyň , Eýran milletiniň saglygyna galdyrýan zalymlykly sanksiýalaryny we bu sanksiýalaryň Eýranda Korona wirus bilen göreşmekde galdyrýan täsirlerini jahanyň umum pikirine ýetirmek , saglyk diplomasiýa ady bilen yzarlanyp durandyr.

Eýran yslam respublikasynyň korona wirusynyň abandyrýan jahanlyk howpy bilen täsirli göreşmegiň ýanynda, Amerikanyň , Eýran milletiniň saglygyna galdyrýan zalymlykly sanksiýalaryny we bu sanksiýalaryň  Eýranda Korona wirus bilen göreşmekde galdyrýan täsirlerini jahanyň umum pikirine ýetirmek , saglyk diplomasiýa ady bilen yzarlanyp durandyr.

Eýran yslam respublikasy , Amerikaň döwletiniň bir taraplaýyn we bi kanun sanksiýalarynyň saýasynda , serhetsiz wirus bilen göreşip durandyr. Amerikaň sanksiýalary Eýranyň Korona wirusyna duş bolan hassalaryny , lukmançylyk we dermanlyk hyzmatlary ýetirmeginde kynçylyk dürüdip durandyr. Şu baryşda , Eýran milletiniň we ýaşaýjylarynyň janlary, diňe howpa düşüp durandyr. Amerikaň , adamzat hukukyna garşy bolan bu hereketi, diňe bir Eýran milletiniň janyna howp abandyrman , eýsem, bu wirusyň durkyna üns bermek bilen jahanyň milletleriniň janlaryna howp bolup durandyr. Eger bu öldürüji wirus bilen jahanda jebisleşip göreşilmese , başka milletler hem zeper görjekdirler. Jahanyň adamlary eger bir gämide oturan bolsalar , bu gäminiň bir ýeri deşilse,  gämi suwda gark bolup hemmeleri gark etjekdir. Korona wirusyň dessany hem ýaňky aýdyp geçen dessanymyza meňzeş bolup durýandyr. Bu wirus Amerikaň halkyna hem howp abandyryp durandyr , we serhetleri baglamak bilen bu wirusyň barmagynyň öňeni alyp boljak däldir. Bu wirus bilen göreşmek üçin ähli ýurtlar birleşip , ylmy taýdan el geren maglumatlaryny ortada goýup ,jahan ýurtlarynyň halklarynyň janlaryny bu beladan halas etmek üçin işe girişmelidirler. Şu ýerlikde , Eýran yslam respublikasynyň prezidenti, Hasan Ruhani, geçen jumga gije Amerikaň halkyna ýüzlenip Korona wirusyny dimek Kowid-19 atly wirusy ýeňmek , jahanlyk bir wezipedir we bu wirusyň ýokuşmagyndan , Tähran , Paris , London we Wşyňton , bireg-birekden daşda däldirler diýip beýan etdi.Prezident Ruhani , Amerikaň halkyna ýüzlenip , Amerikaň taryhdaky sahypalaryny mundan beter karaldmagyň dimek bilen , Eýranda, dartgynlygy dolandyrmaklykda , mali çeşmeleri , çäklendirmege we lukmançylyk düzgüni ejizletmege sebäp boljak her bir duşmançylykly we gödek bolan syýasaty , jahanyň başka ýurtlarynda hem bu wirus bilen göreşmekde täsir galdyrjakdyr diýip beýan etdi. Amerikaň Eýran milletine garşy bolan bi kanun sanksiýalary , Eýran milletiniň saglygyna we saglyk goraýşyna , göni täsir galdyryp durandyr. Durmuşda Eýran milletine garşy ýöridilýän sanksiýalar , Korona wirusynyň etýän işini edip durandyr we her 10 minutda bir Eýranlyň janyny alyp durnadyr. Eýran milleti bu günler Korona wirusyň we Amerikaň bi kanun bolan sanksiýalarynyň korbany bolup durandyrlar. Amerikaň döwleti , toslanlarynda , Eýran halkyna kömek bermekden agzaýandyr . Amerikaň prezidenti Tramp , geçen jumga güni , Korona wirusyň sürüp duran döwürinde , Eýranyň jogapkärleri , üstlerinde bolan sanksiýalaryň  azalmagyna ýa da aýrylmagyna tama etmeli däldirler diýip beýan etdi. Trampyň bu hilli boluşy, oň Eýran halkyna ýüregimiz agyrýar diýen toslamasyny puça çykaryp durandyr. Tramp döwleti  hem , Korona wirusy bilen , Eýran halkyny aradan çykarmaga hereket etýändir.

Amerikaň kongresiniň demokrat  wekili , Ilhan omaryň aýdyşy ýaly , Korona wirusy sebäpli her 10 minutda bir Eýranly janyny elden berýändir,şeýle ýagdaýda , Eýrana garşy bolan ykdysady sanksiýalary dowam etdirmek , doň ýüreklik we şer işden başga zat bolmaz diýip beýan edendir.

 

Tag

Teswirler