Aprel 26, 2020 00:57 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň,krnawirusyň ýaýraýan döwründe ,dini we kowmy azlykda durýan adamlara bolýan hereketlerden duýduryş bermegi

BMG-nyň dinler we mezhepler azatlygy ýerlikdäki ýörite habarçysy Ahmat Şehit ,Ženewada beren gürrüňlerinde krnawirusyň ýaýraýan döwründe ,dini we kowmy azlykda durýan adamlara bolýan hereketlerden duýduryş berdi.

Koronwirusyň dünýede ýaýramagy ,ykdysadyýete agyr zererleri ýetirmeginden aýry ,dünýede hasda günbatarda ekstremist we jynsparaz sagçyl syýasatçylaryň ,partyýalaryň we galkynyşlaryň,azlykda durýan taraplary syýasy örede hem köpräk agram bermekleri ugurynda bir täze bahana bolandyr. Şu esasda BMG-sy ykdysady we syýasy bähbitler üçin we dürli köpçüliklerde dini we kowmlyk azlyklara hujum edilmegi ugurynda kronawirus dartgynlylygyndan tersin haýyrlanmagy barada duýduryş berip,bu kesele garşy göreşmeginde ilat bilen döwletleriň ýörelgedeş bolmaklaryny isledi.kowid-19 keseliň nähili ýokaşýanlygy hakda ýeterli maglumatyň ýoklygy we kronawirusa duçar bolmakdan alada bildirip bu dartgynlylykdan gorkulmagy,käbir ýurtlara şolsanda Ýewropa bilen Amerikada bu ýagdaýdan tersin haýyrlanyp kowm we dini azlyklara garşy hereket edilmeginiň we ýigrenç döredilmeginiň köpelmeklerine sebäp bolandyr.BMG-nyň dinler we mezhepler azatlygy ýerlikdäki ýörite habarçysy Ahmat Şehit apreliň 22-sinde Ženewada beren gürrüňlerinde döwletleriň,dürli dinleriň ýolbaşçylarynyň-medeni köpçiligiň-habar serişteleriň we umum ilatyň ,ýigrenç döretmeklige we beýlekileriň ýigrenilmeklerine garşy hereket etmeklerini isledi.Ahmat Şehit ,durmuşky agyr ýagdaýda,şeýle hujumlaryň pydasy bolýan adamlara kömek edilip olar bilen duýgydaşlyk bildirmegini isledi.BMG-nyň bu resmisi,kronawirusyň ýaýramagy köp ýurtlarda azlykda durýan adamlara berilýän agramlaryň köpelmegine sebäp bolandyr diýdi. BMG-nyň dinler we mezhepler azatlygy ýerlikdäki ýörite habarçysy Ahmat Şehit;käbir köpçiliklerde,kronawirusyň ýaýramagynyň sebäbini hristiýanlara,jühütlere,ýada musulmanlara ýapmak uguryndaky pikirleriň köpelmeginden alada bildirip,şeýle pikirler,göçemenler we bosgunlar barada hem bolýandyr diýdi. BMG-nyň dinler we mezhepler azatlygy ýerlikdäki ýörite habarçysy Ahmat Şehitiň gürrüňleriniň anyk mysaly ABŞ-nyň jenjelli prezidenti Donald Trampdyr.Tramp, hatda krnawirusyň ýaýran wagtynda hem beýlekileri aýyplamagyndan el çekmäni,kronawirusy,Hytaýň wirusy atlandyryp,bu keseliň ýaýramagynda Hytaý döwletini jogapkär bilmegi bilen,Amerikada ýaşaýan aňyrsy Hytaýlylara garşy gahar gazaply işleriň artdyrmaklaryna şert döredendir.şonuň üçin hem bu meseläniň çynygmagy sebäpli aňyrsy Hytaýlyly we Aziýalylay bolup Amerikada ýaşaýan adamlar,Amerikalylaryň hasda akýagyzlaryň gahar gazaply işleriniň garşysynda özlerini goramaklary üçin herne köpräk ýarag satyn almaklyga ýüzlenendirler.

 

Tag

Teswirler