Aprel 27, 2020 00:35 Asia/Ashgabat
  • rahbar
    rahbar

Adamzadyň zulumdan , uruşdan , howply ýagdaýdan , degerlikleriň aýak aşagyna taşlanmagyndan halas bolmagynyň we amanlygynyň , saglyk we parahatçylygyň häkim bolmagynyň ýekeje ýoly , Goranyň buýruklaryny amala aşyrmakdyr.

Adamzadyň zulumdan , uruşdan , howply ýagdaýdan , degerlikleriň aýak aşagyna taşlanmagyndan halas bolmagynyň we amanlygynyň , saglyk we parahatçylygyň häkim bolmagynyň ýekeje ýoly , Goranyň buýruklaryny amala aşyrmakdyr.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy , hezretleri Aýätolla Äl-Ozma Hamenei , mübärek remezan aýyň deslapky güninde , Goranyň bu degerli möhüm nokadyny , Goran bilen üns tapmak dabarada ara atdy. Goran bilen üns tapmak dabara , Tähranyň  juma namazy okulýan ýerinde geçirildi  we emam Homeini-niň Hoseiniýe-sinde , hezretleri Aýätolla Äl-Ozma Hamenei , huzurly bolup , bir wideolyk baglanşykda şol dabara sargyt berdiler.

 hezretleri Aýätolla Äl-Ozma Hamenei, bu meseläni açaçanlaşdyrmakda beren gürrüňlerinde, Goranyň buýruklarynyň bir bölegi , ýaşaýyşy nä hilli kadalaşdyrmak üçindir , eger bu kada kanunlar , pul , gudrat we şähwet esasynda bolsa , adamzat hakyky ýaşaýyşdan we ahyret dünýäden nesipsiz galjakdyr , emma eger ynsanlar öz ýaşaýyşlaryny ýagşylyk we häsänä  häsiýetler bilen dikeltseler dünýäde bähbitleşmekden daşary , ýaşaýyşyň hakyky maksatlaryna hem ýetişjekdirler diýip nygtadylar. Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy , hezretleri Aýätolla Äl-Ozma Hamenei, zalymlara meýil tapmakdan we olara ynanmakdan gaça durmagy , ýaşaýyşda adalaty , ynsaby durmuşa geçirmegi we amanata dönüklik etmesizligi , yslamyň buýruklaryndan hasaplap , Amerikadan gorkmak , ajy netijeleri yzyna tirkejekdir we biz geçen ýyllarda kä bir döwletlerde , amerikadan gorkmagyň  olary agyr kynçylyklara duçar edenligini gördik diýip beýan etdiler. Eýran milleti , yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmeginiň deslabyndan şu güne çenli , duşmanlaryň  hileli hereketleriniň garşysynda durandyr we duşmanlara öz aralarynda ornamagyna pursat bermeýändigini subutlandyrlar. Yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmegi bilen , Eýran milleti ,  soltanly zalym režimden halas boldy , Amerikanyň hileleriniň garşysynda berk durdy , sebitde we jahanda , Eýranyň hormaty , abraýy we ähtibary  artdy , taryhda kiçelen ýeri bolsa , şolary öz üstünden aýyrdy we Amerikanyň baýarlyk sürijilikli syýasatlarynyň garşysynda  durdy. Bu Eýran milletine  uly buýsanç bolup durýandyr. Eýran milleti , Eýranda yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmeginden soň , Goran-yň  öwredişlerine we Goran-yň  adamzadyň zulumdan halas bolmak öwredişlerine arka berip , duşmanlarynyň pylanlary we eden hileli hereketleriniň hemmesini suwa dökendir.

 

Teswirler