Feb 17, 2021 15:34 Asia/Ashgabat
  • Yragyň Erbiline raketa hüjümi barada birnäçe nokat

Geçen duşenbe gije, Erbiliň halkara howa menziliniň golaýynda raketa hüjümi bir adamyň ölmegine we birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

 

Yrakdaky ABŞ güýçleriniň metbugat sekretary Ueýn Marto, "Düýn agşam Erbiliň halkara howa menziliniň golaýynda 14 raketa atyldy, olaryň üçüsi ABŞ-nyň Harirdäki bazasyna gondy" -diýdi. "Hüjümde 9 adam ýaralandy, ABŞ-nyň raýatlygy bolmadyk pensiýa çykan raýat potratçysy öldürildi, dört adam beýnisine zeper ýetdi diýip yglan etdi".

  Erbile raketa hüjümi barada birnäçe pikir bar.

Birinji nokat, ähli raketalaryň Yragyň Kürdüstan sebitindäki Erbil welaýatynyň içinden atylmagy. Bu meselede möhüm mesele ýerli kürt resmileriniň bu raketalaryň Kürdüstan sebitiniň daşyndan we Kärkuk welaýatynyň Al-Debs şäherinden atylandygyny öňe sürülmegidir.

Bu aýyplama jogap edip, Kärkuk welaýatynyň Al-Debs şäherindäki Häşdolşäbi halka güýçüniň bölüminiň başlygy Al-Debs şäheriniň durnuklydygyny we şäheriň howpsuzlygyny dolandyrýan edaranyň ygrarlydygyny we bu ýaly hereketleri etmejekdigini aýtdy. Ondan öň Neýnawa welaýatynyň häkimi Najm al-Jubouri raketalaryň welaýatyň hiç bir ýerinden atylmandygyny aýtdy. Bu inkär etmäniň sebäbi, Ninewäniň düzlüginde ýerleşýän Şäbäkiler taýpanyň brigadasy diýlip atlandyrylýan Häşdolşäbiň 30-njy brigadadan haýsydyr bir aýyplamany ýatyrmakdy.

Ikinji nokat, täze döredilen Olýae-däm topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu mesele  Häşdolşäbiň diplomatik ýerlere we harby bazalara hüjüm etmekdäki roly we umuman Yrakdaky howpsuzlyk baradaky aýyplamalaryň nädogrydygyny görkezýär. Yrakda ABŞ-nyň bu ýurtdaky harby güýçleriniň bolmagyna garşy çykýan, ýöne Häşdolşäbi guramasy bilen baglanyşykly bolmadyk köp sanly topar döredildi.

Üçünji nokat,bu raketa zarbalary Amerikan güýçleriniň Yrakda howpsuz däldigini görkezdi.  

Ahyrynda Yragyň prezidenti Barham Saleh Erbil halkara howa menziline we ABŞ-nyň Al-Harir bazasyna edilen raketa hüjümini terrorçylyk hereketi diýip atlandyrdy we hökümetiň terrorçy güýçlere garşy tagallalaryny güýçlendirmekden başga çäresi ýokdugyny aýtdy.  

 

Tags