Feb 17, 2021 15:40 Asia/Ashgabat
  • Dünýäde Koronawirus Epidemiýasy Sebäpli Ýogalanlaryň Sany

Dünýäde Koronawirus Epidemiýasy Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 2 Million 429 Müň Adamdan Geçdi

ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 40 müň 400 adam artyp 28 million 381 müň 220 adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 429 müň 825, wirusa ýoluganlaryň sany 110 million 35 müň, sagalanlaryň sany 84 million 865 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 1105 adam artyp 499 müň 991, wirusa ýoluganlaryň sany 40 müň 400 adam artyp 28 million 381 müň 220 adama ýetdi. Nýu-Ýorkyň gubernatory Andres Kuomo garrylar öýlerinde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany hakynda doly maglumat bermändiklerini kabul etdi. Resmi görkezijilere görä, Nýu-Ýorkdaky garrylar öýlerinde Kovid-19 sebäpli 8 müň 500 adam ýogaldy. Geçirlen barlaglarda bolsa garrylar öýlerinde 15 müňden gowrak adamyň ýogalandygy anyklandy.

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda Braziliýada 1167, Meksikada 1329, Argentinada 106, Kolumbiýada 163, Peruda 176, Çilide 20, Boliwýada 40 adam artdy.

Soňky görkezijiler bilen birlikde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany:

Braziliýada 240 müň 56,Meksikada 175 müň 986,Argentinada 50 müň 432,Kolumbiýada 57 müň 949,Peruda 44 müň 56,Çilide 19 müň 644وBoliwýada 11 müň 274 adama ýetdi.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 799 adam artyp 118 müň 195, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 625 adam artyp 4 million 58 müň 468 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanalryň sany 1 günde 336 adam artyp 94 müň 171, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 386 adam artyp 2 million 739 müň 591 adamdan geçdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 410 adam artyp 82 müň 812, hasaba alynan kesellileriň sany 19 müň 590 adam artyp 3 million 489 müň 129 adama ýetdi.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 530 adam artyp 65 müň 979, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 57 adam artyp 3 million 96 müň 343 adama ýetdi.

 

 

Tags