Feb 23, 2021 16:11 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-da Hasaba Alynan Kesellileriň Sany

ABŞ-da Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 28 Million 826 Müň 307 Adamdan Geçdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 485 müň 390 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 485 müň 390, wirusa ýoluganlaryň sany 112 million 263 müň, sagalanlaryň sany 87 million 798 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 512 müň 590, wirusa ýoluganlaryň sany 28 million 826 müň 307 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Braziliýada soňky 24 sagatda 639, Meksikada 429, Peruda 166, Argentinada 163, Kolumbiýada 140, Çilide 84, Boliwýada 29 adam artdy.

Şeýlelikde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany:Braziliýada 247 müň 276,Meksikada 180 müň 536,Peruda 45 müň 263,Argentinada 51 müň 359,Kolumbiýada 58 müň 974,Çilide 20 müň 126,Boliwýada 11 müň 470 adama ýetdi.

Meksikada hökümet, ýurtda ýaşaýan 60 ýaşyndan ýokardaky migrantlara Hytaýyň Sinovak firmasy tarapyndan öndürlen “coronavac” sanjymynyň ediljekdigini mälim etdi.

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 178 adam artyp 120 müň 757, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 641 adam artyp 4 million 126 müň 150 adama ýetdi. Premýer ministr Boris Jonson, wirusa ýoluganlaryň sanyna we sanjym tapgyryna görä 8-nji martdan başlap tapgyrlaýyn kadalaşma etabynyň başlajakdygyny habar berdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 274 adam artyp 95 müň 992, hasaba alynan kesellileriň sany 9 müň 630 adam artyp 2 million 818 müň 863 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 333 adam artyp 84 müň 613, wirusa ýoluganlaryň sany 4 müň 646 adam artyp 3 million 609 müň 927 adama ýetdi.

Hindistanda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 80 adam artyp 156 müň 498, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 705 adam artyp 11 million 16 müň 434 adama ýetdi.

Tunisde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18 adam artyp 7 müň 811, hasaba alynan kesellileriň sany 575 adam artyp 228 müň 937 adamdan geçdi.

Koronawirus Iordaniýada 4 müň 570 adamyň ýogalmagyna, 368 müň 278 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

 

Tags