Feb 24, 2021 21:24 Asia/Ashgabat
  • Germaniýada Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 2 Million 405 Müň 263 Adamdan Geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 496 müň 900 adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 496 müň  900, wirusa ýoluganlaryň sany 112 million 660 müň, sagalanlaryň sany 88 million 254 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Kovid-19 sebäpli 514 müň 996 adam ýolgady, 28 million 897 müň 718 adam hasaba alyndy.

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 548 adam artyp 121 müň 305, wirusa ýoluganlaryň sany 8 müň 489 adam artyp 4 million 134 müň 639 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 356 adam artyp 96 müň 348, hasaba alynan kesellileriň sany 13 müň 314 adam artyp 2 million 832 müň 162 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 341 adam artyp 85 müň 44, wirusa ýoluganlaryň sany 20 müň 64 adam artyp 3 million 629 müň 891 adama ýetdi.

Germaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 69 müň 214, hasaba alynan kesellileriň sany 2 million 405 müň 263 adama ýetdi.

Koronawirus Gollandiýada 15 müň 343 adamyň ýogalmagyna, 1 million 64 müň 598 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Ýurtda koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde 23-nji ýanwarda goýlan köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi 15-nji marta çenli uzadyldy.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 443 adam artyp 68 müň 79, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 461 adam artyp 3 million 161 müň 432 adama ýetdi.

Koronawirus Portugaliýada 16 müň 86 adamyň ýogalmagyna, 799 müň 106 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda Latyn Amerika ýurtlaryndan Braziliýada 1386 adam artyp 248 müň 529,

Meksikada 1273 adam artyp 181 müň 809,Argentinada 155 adam artyp 51 müň 510,Kolumbiýada 144 adam artyp 59 müň 118,Peruda 224 adam artyp 45 müň 487, Çilide 25 adam artyp 20 müň 151,Ekwadorda 20 adam artyp 15 müň 567,

Boliwýada 38 adam artyp 11 müň 508 adama ýetdi.

Çiliniň saglygy goraýyş ministri Paris, ýurtda 3-nji fewralda başlan sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 3 million 37 müň 63 adama sanjym edilendigini habar berdi.

Meksikanyň Russiýadan alan Sputnik V sanjymynyň 200 mün dozalyk birinji tapgyry ýurda gelip gowuşdy.

 

 

Tags