Mar 04, 2021 15:52 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň ýadro şertnamasyndaky borçlaryny ýerine ýetirmekden saklanmagy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, diplomatiýanyň ýolunyň açykdygyny gaýtalap, Eýranyň ýadro şertnamasyndaky borçnamalaryny ilki bilen ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken çarşenbe güni PBS-e beren interwýusynda bu sözleri aýtmak bilen Eýranyň ýadro programmasyny petikleýän  ýadro şertnamasy diýlen şertnamadan çykanymyzda Eýran hem şol şertnamadan çykdy diýip toslady.

Şu wagta çenli başga bir edebiýat bilen Trumpyň syýasatyny aýlan Baýdenyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda biziň hakyky bähbidimiz, Eýrany şol şertnama getirmäge synanyşmak we diplomatiýa muny amala aşyrmagyň usulydyr diýdi.

Blinken, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyny we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozandygyny aýtmazdan birinji we iň möhüm ädim, Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegini görmek isleýäris diýdi.

ýadro şertnamasyna gaýdyp geljekdigini we Eýrana garşy bikanun sanksiýalary ýatyrmagy wada beren ABŞ-nyň täze prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy, Ak tamyň içine girensoň, bu hereketi Eýranyň borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen şertli etdi.

Eýran Yslam Respublikasy, Waşingtonyň tarapyndan şertnamanyň bozulmagyna we Tähranyň ABŞ-nyň bikanun hereketlerine jogap hökmünde borçnamalaryny azalmagyna gatnaşandygyny nazara alyp Sanksiýalar ýatyrylandan soň Tähran tarapyndan hem oňýn ädim ädiler diýip yglan etdi.