Apr 09, 2021 16:59 Asia/Ashgabat
  •  Gazagystan bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri Nursultanda duşuşdylar

Gazagystanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýada, Günorta Kawkazda we Orta Gündogarda sebitdäki durnuklylyk we howpsuzlyk ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşyp, syýasy we ykdysady ugurlarda, üstaşyr we transport, energiýa, harby we tehniki ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Orsýet bilen Gazagystan, şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasynyň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Aziýada özara gatnaşyklar we ynam konferensiýasy ýaly halkara guramalaryň özara täsiri barada ylalaşdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Orsýet bilen saklaýan ýakyn gatnaşyklary öz ýurdy üçin diýseň gymmatly diýip häsiýetlendirdi.

Iki tarap şeýle-de halkara gün tertibiniň möhüm taraplary, şol sanda sebitdäki durnuklylyk we Merkezi Aziýada, Günorta Kawkazda we Orta Gündogarda hopsuzlygy üpjin etmek barada pikir alyşdy.

Tags