Apr 15, 2021 17:00 Asia/Ashgabat
  • Baýden bilen Aşraf Gani Amerikalylaryň Owganystandan çykmagy barada gürrüň etdiler

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Ghani Amerikaly kärdeşi Jo Baýden bilen ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy barada telefon arkaly gürleşdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Aşraf Ghani çarşenbe güni agşam özüniň twitter sahypasynda Amerikanyň sentýabr aýyna çenli goşunlaryny Owganystandan çykarmak kararyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Ol şeýle-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Waşingtonyň kararyna hormat goýýandygyny we rahat geçiş üçin olar bilen arkalaşjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Amerikanyň prezidenti Jo Baýden çarşenbe güni ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy barada çykyş etdi.

ABŞ-nyň prezidenti bu çykyşynda "ABŞ owgan döwletine goldaw berer, ýöne harby operasiýa gatnaşmaz diýdi".

Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Brýusselde geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda bu guramanyň 1-nji maýda Owganystandan çykyp başlajakdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Demirgazyk Atlantik şertnama guramasynyň (NATO) baş sekretary Ýens Stoltenberg çarşenbe güni gije Brýusselde Amerikanyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda 10 000 NATO goşunynyň Owganystandan çykarylmagy maý aýynyň başynda başlar we birnäçe aýyň içinde tamamlanar diýdi.

Blinken hem bu ýygnakda ABŞ goşunlarynyň beýleki NATO güýçleri bilen Owganystandan çykýandygyny aýtdy.

Tags