Apr 15, 2021 17:56 Asia/Ashgabat
  • Hytaý Natanz desgasyna garşy ýola berilen hüjümi ýazgarýar

Hytaý dňwleti, Eýran Yslam Respublikasynyň Natanz ýadro desgasyna gaşy Sabotaj hereketi ýazgardy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Zhao Li Jian düýn (çarşenbe) Pekinde guralan metbugat ýygnagynda: Eýranyň ýadro desgalaryna edilen islendik hüjüm garaşylmadyk netijeleri getirip biler diýip yglan etdi.

Zhao Li Jian Hytaýyň şeýle çärelere berk garşydygyny we Eýranyň ýadro meselesini syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözmegi talap edýändigini aýtdy.

Geçen ýekşenbe güni irden Natanz baýlaşdyryş desgasynyň elektrik paýlaýyş ulgamynyň bir böleginde sabotaj hadysasy boldy.

Ondan soň sionist režimiň metbugaty bu bidüzgünçiligi Ysraýyla degişli etdiler we Natanz baýlaşdyryş desgasynyň elektrik paýlaýyş ulgamy kiberhüjüm sebäpli kesildi diýip nygtadylar.

Ýadro alymlarynyň terror edilmegi we Eýranyň ýadro desgalarynda iş bozarlyk etmekleri we Sionist režimiň Eýrany sebitiň we dünýäniň howpsuzlygyna howp görkezmek üçin köne we hemişelik taktikalary üç onýyllykdan gowrak wagt bäri gaýtalanýar, ýöne bu toslamanyň ýalandygy hemişe subut bolýar.

Tags