Jun 12, 2021 15:46 Asia/Ashgabat
  • Putiniň Amerika-Orsýet gatnaşyklary barada aýdan sözleri

Orsýetiň prezidenti soňky ýyllarda Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pese gaçýandygyny habar berdi.

NBC News bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu ýurduň ABŞ bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada şeýle diýdi: Soňky ýyllarda iň pes derejä ýeten ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz bar.

Putin şeýle-de Günbatar metbugatynda Orsýetiň Eýrana emeli hemra tehnologiýasyny bermek niýeti baradaky habarlary "galp habarlar" diýip atlandyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Orsýetiň prezidentleri ilkinji gezek 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa kölüne seredýän villasynda duşuşarlar.

Saýlawlara gatyşmak, kiberhüjümler, adam hukuklary we Ukraina meselesi baradaky jedeller Baýden bilen Putiniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleleriň biridir.