Jun 12, 2021 16:13 Asia/Ashgabat
  • Täjigistan we Özbegistan 36 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdi

Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidentleri 36 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler.

Fars habarlar gullugynyň habarçysynyň habaryna görä Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýew Duşenbede Täjigistanly kärdeşi Ymomali Rahmon bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Iki ýurduň liderleri sebit we halkara meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistanyň prezidenti Duşanbe we Daşkenti syýasy, ykdysady, söwda, medeni we gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagalla eden iki strategiki hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirdi.

Rehman çykyşynyň başga bir bölüminde Özbegistana lukmançylyk we enjam kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwdanyň 2017-nji ýylda 70 million dollardan 2020-nji ýylda 500 million dollara çenli ýokarlanmagy barada durup geçen Mirziýew, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşe bakandygyny aýtdy.

Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Owganystandaky ýagdaýy gözden geçirip, bu ýurduň meselesini parahatçylykly çözmegiň zerurdygyny aýtdylar we Günbatar goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyndan soň halkara jemgyýetçiligini ykdysady kömegi dowam etdirmäge çagyrdylar.

Tags