Sep 12, 2021 09:45 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanyň daşary syýasatynda üýtgeşmeler

Saud Arabystanynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň saparyny ýatyrmak we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň Mejlisiniň başlygyny (Duma) Riýadda garşylamagy, Riýadyň beýleki dünýä güýçleri bilen gatnaşyklary güýçlendirmek isleýändigini görkezdi.


Geçen çarşenbe güni Pentagonyň metbugat gullugy ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň Saud Arabystanyna saparynyň möhletiniň yza süýşürilendigini habar berdi. Soňra Lloýd Ostin yza süýşürmegiň Riýad hökümetiniň haýyşy boýunça bolandygyny aýtdy.
Emma näme üçin Saud Arabystany ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Riýaddaky saparyny yza süýşürdi?
Saud Arabystanynyň bu hereketi ABŞ-nyň hökümetine bolan gaharlaryndan gelip çykýar. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden prezident saýlaw kampaniýasynda Saud Arabystanynyň hökümetini gaty tankytlady. Baýden "Saud Arabystany pitneçi ýurda öwrüldi" -diýdi. Saud Arabystany edenleri üçin bahasyny tölemeli  diýip aýtdy". ABŞ-da geçiriljek prezident saýlaw kampaniýasy bilen bir wagtyň özünde köp bilermenler we syýasy synçylar, Baýden saýlaw kampaniýasynda ýeňiş gazansa, Saud Arabystany bilen ABŞ-nyň hökümetiniň arasyndaky bal aýynyň gutarjakdygyna ynanýardylar.
ABŞ-da geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Baýden Ýemeniň Ansar-ollasyny terrorçy toparlaryň sanawyndan aýyrdy we Saud Arabystanynyň ýazyjysy we žurnalisti Jamal Haşogçiniň Türkiýäniň Stambuldaky konsullygynyň merkezinde rehimsizlik bilen öldürilmegi meselesini ileri tutdy we bu janaýatyň Kazyýet işi baradaky gizlin hasabatyndan bölekleri çap edildi.
Aslynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Saud Arabystanyna garşy hiç hili amaly çäre görmese-de, Saud Arabystanynyň hökümetiniň Al Saud üçin  aýyplary bolan adam hukuklarynyň gödek bozulmagyny görkezmek bilen bu ýurdy adam hukuklary basyşyna sezewar etdi.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýakynda 11-nji sentýabr hüjümleri we olaryň köpçülige ýetirilmegi bilen baglanyşykly resminamalary gözden geçirmegi buýurdy. ABŞ hökümetiniň Saud Arabystanyna garşy alyp barýan çäresi, 11-nji sentýabr wakalaryna Saud Arabystanynyň raýatlarynyň hem gatnaşandygyny göz öňünde tutup, Saud Arabystanynyň Waşingtona garşy gaharyny artdyrdy. Başga sözler bilen aýdylanda, Saud Arabystanynyň hökümeti ABŞ bilen gatnaşyklarynda birek-birege hormat goýulmaýar we Waşington Riýad bilen gatnaşyklarynda onuň bähbitlerine garamaýar diýen netijä geldi.
"Saud Arabystany ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň Saud Arabystanyna eden saparyny ýatyrdy" -diýip, Saud Arabystanynyň şazadasy Sattam bin Halid Al Saud ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň Saud Arabystanyna edýän saparynyň ýatyrylmagyna ünsi çekdi we şol zamanda hem Russiýa mejlisiniň (Duma) halkara gatnaşyklary başlygynyň Riýadda saparyny gutlady. şazada şeýlede"Beýik Saud Arabystany haýsydyr bir ýurduň buýrugyna girmeýär we umumy bähbitlere we birek-birege hormat goýmak üçin beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk edýär diýdi.

Tags