Sep 12, 2021 16:37 Asia/Ashgabat
  • BMG geljekdäki çynlakaý krizisler barada duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary dünýädäki ýurtlaryň nädogry ugra gidýändigini we munuň çynlakaý krizise öwrülip biljekdigini duýdurdy.

Associated Press" habar gullugynyň habaryna görä, Antonio Guterres: "Dünýä halky özleri üçin ýagty geljegi göz öňüne getirmek üçin bu howply ýoly üýtgetmek üçin işlemeli, ýogsam ähli ýurtlara howply krizis garaşýar diýdi.

BMG-nyň ýokary derejeli resmisi sözüniň dowamynda dünýäde koronawirusyň ýaýramagy ähli ýurtlaryň epidemiýany ýok etmek üçin kömek bermek we toplumlaýyn halkara çäreleri görmek meselesinde gaty gowşakdygyny görkezdi we adatdan daşary ýagdaýlarda derrew we amaly karar berip bilmeýändigini mälim etdiler diýip beýan etdi.

Guterres şeýle-de "Global krizis diňe bir korona  çäklenmeýär eýsem Howanyň krizisi we howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw dürlüliginiň çökmegi we dünýäniň dürli sebitlerinde gözegçiliksiz tehnologiki ösüşler ýakyn geljekde hemmämiz üçin garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biler diýip nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary garyplygyň we açlygyň ýokarlanmagy, jyns deňsizligi, ýadro urşunyň bolmagy, adalatsyzlygyň ýaýramagy geljekde kyn dünýäde hemmämiz üçin çynlakaý problema döredip biler diýdi.