Sep 14, 2021 10:39 Asia/Ashgabat
  • Owgan şaýylary ýurduň täze ministrler kabinetine goşulmagy isleýärler

Owganystanyň şaýylary öz wekilleriniň bu ýurduň täze hökümetine gatnaşmagyny talap etdiler.


Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzai şenbe güni Facebookda ýurduň merkezi welaýatlarynda birnäçe şaýy jemgyýetiniň işgärleri bilen duşuşandygyny habar berdi.
Habarda Karzaý şaýy liderleriniň Owganystanyň täze kabinetine şaýy jemgyýetiniň wekillerini goşmaga taýýardyklary barada aýtdy. 9-njy sentýabrda Karzaý Owganystanyň şaýy alymlary geňeşiniň agzalary bilen söhbetdeş boldy.
Owganystanyň şaýy jemgyýetiniň bu ýurduň täze kabinetine gatnaşmagyny islemek, Owganystanda ýaşaýan dürli toparlaryň we azlyklaryň tebigy hukuklarynyň çägindedir. 
Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky şaýy jemagaty bu ýurduň işini öz üstüne alan we Owganystandaky ähli etnik toparlaryň  gatnaşmagynda giňişleýin hökümet gurjakdygyny öňe sürýän "Talyban" toparynyň hakyky gatnaşmagyna mümkinçilik döretmegini isleýär
Owganystanyň ilatynyň 30 göterimini emele getirýän şaýylar ýurduň dürli syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni ugurlarynda täsirli azlyklardyr we Talybanyň ähli toparlary hökümete goşmak isleýändiklerini subut etmegine garaşylýar.  
Bir hepde öň geçirilen owgan şaýy ruhanylarynyň  geçirilen ýygnagynda öz içine alyjy hökümet gurmagyň, ýurtda dowamly parahatçylygyň we howpsuzlygyň döredilmeginiň zerurdygyny bellemekden başga-da, gatnaşyjylar Talybany şaý Jafari mezhebi täze konstitusiýa girizmäge çagyrdy.  
Talybanyň ideologiki çemeleşmelerini we toparyň taryhy nukdaýnazaryndan käbir pikirleri göz öňünde tutup, Talybanyň Owganystandaky şaýylaryň talaplaryna oňyn jogap bermegi çynlakaý sorag astyna alynýar.
Owganystandaky wakalaryň depginleriniň bir bölegi hökmünde Talyban işgärleriniň birnäçesi soňky çaknyşyklardan soň garaşylmadyk ýagdaýda Mazar-e-Şerif şäherine gitdi.
Talyban resmilerinden bolan Molla Fazel, Zabihullah Mujahid, Maulwi Wasikullah, Kari Din Muhammet we Molla Abdul Salam Hanafi ,sebitdäki soňky çaknyşyklaryň sebäbini derňemek üçin Mazar-e-Şerif şäherine syýahat etmekçidirler.
"Talyban" düýn bu bolan çaknyşygy toparyň güýçleri bilen ýaragly garakçylaryň arasyndaky çaknyşyk diýip atlandyrsa-da, käbir çeşmeler Talyban güýçleriniň biri-biri bilen çaknyşandygyny habar berýär.
"Talyban", esasanam toparyň Owganystanyň dürli welaýatlarynda işleýän resmileriň arasynda ýüze çykan tebigy bäsdeşlik sebäpli, çaknyşyklaryň birnäçesini iberen Mazar-e-Şerifde Talyban güýçleriniň arasyndaky güýç göreşi sebäpli ýüze çykan bolmagy ähtimaldir.  

Tags