Sep 14, 2021 16:22 Asia/Ashgabat
  • Zaharowa: ABŞ-nyň Ukrainadaky maksady Orsýete basyş bermekdir

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Ukrainany demokratiýalaşdyrmak maksadynyň Orsýete basyş etmek we sebiti durnuksyzlaşdyrmakdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa sişenbe güni Ukrainany demokratiýalaşdyrmak we ABŞ-nyň bu ýurda berýän maliýe kömegi ukrain halkynyň bähbidine däl-de, Orsýete basyş etmekdir diýdi.

2014-nji ýyldaky wakalardan we bir tarapdan Kryme ýarym adasynyň Orsýete birikdirilmegi baradaky referendumdan, beýleki tarapdan Ukrainanyň gündogar sebitlerinde rus tarapdary separatistler bilen harby çaknyşyklardan soň, iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy we Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär.

Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýyldan bäri, NATO-nyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gündogar Ýewropa we hatda Orsýetiň serhediniň golaýyna harby täsirinden, Ukraina krizisi, Baltika deňzi we Siriýadaky ýagdaýdan soň dartgynlaşandyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi 2014-nji ýyldan bäri Orsýete garşy birnäçe ykdysady we maliýe sanksiýalaryny girizdiler, bu bolsa Moskwanyň gaýtawul görkezmegine sebäp boldy.

Tags