Sep 16, 2021 15:09 Asia/Ashgabat

Wagtlaýyn Talyban hökümeti Owganystanyň Panjşir welaýatyna ynsanperwer kömegini bermäge ygtyýar berdi.

Owganystanyň AVA habarlar gullugynyň habaryna görä, ynsanperwer kömegini ibermek we Panjşir telekommunikasiýa ulgamlaryny gaýtadan birikdirmek karary wagtlaýyn hökümetiň başlygy Muhammet Esen Ahundyň ýolbaşçylygyndaky Talyban ministrleriniň agzalarynyň ýygnagynda kabul edildi.

Bu ýygnakda Panjşire jurnalistleri ibermek üçin zerur kararlar kabul edildi.

Owganystanda 15-nji awgustdan bäri häkimiýet başynda bolan "Talyban" henizem Panjşiriň gözegçiligini ele geçirip bilmedi. Owgan halkynyň rowaýata öwrülen we söweşiji şahsyýeti Ahmad Şah Masudyň ogly Ahmad Massudyň we Talybanyň toparyň güýçlerine garşylygy Panjşirde dowam edýär.

Talyban toparyna garşylaryň Owgan halkynyň rowaýata öwrülen we söweşiji şahsyýeti Ahmad Şah Masudyň ogly Ahmad Massudyň söweşleri, Panjşirde dowam edýär.

Tags