Sep 22, 2021 17:21 Asia/Ashgabat
  • Gyrgyzystanyň BMG-nyň Owganystandaky guramalary baradaky teklibi

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarow BMG işgärleriniň Owganystandan Gyrgyzystana geçirilmegini teklip etdi.

Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarowyň bu teklibi kabul edilse, BMG-yň işgärleri Bişkek şäherine geçiriler.

Jabarow mundan ozal hem Owganystandaky ýagdaýdan alada bildiripdi.

"Talyban" ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykaryljak senesiniň yglan edilmegine gabat gelýän 15-nji awgustda Kabulyň gözegçiligini ele geçirdi.Kabuldaky hökümetiň üýtgemegi sebitde, esasanam Owganystanyň goňşylaryna aladalary döretdi.

Tags