Sep 24, 2021 10:51 Asia/Ashgabat
  • Talybanyň Goranmak ministrliginiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Talyban agzalaryna ar almak barada duýduryş berdi

Owganystandaky Talyban toparyň Goranmak ministrliginiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Talyban agzalaryna ar almaklary barada duýduryş berdi.

Owganystandaky "Talyban" toparynyň Goranmak ministrliginiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Muhammet Ýakup Mujahid penşenbe güni "Talyban" agzalarynyň owgan halkyndan ar alsa jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Talybanyň umumy günä geçişi Owganystanyň ähli halkyny öz içine alýar we Talybanyň hiç bir agzasy öz başyna gidip esassyz ar alyp bilmez diýip Muhammet Ýakup Mujahid aýtdy.

Ondan öň "Talyban" diýilýän adamlar tarapyndan käbir adamlara azar berlendigi barada habarlar gelip gowuşýardy.

Talyban topary, beýleki tarapdan, toparyň islenmeýän agzalaryny kesgitlemek üçin ýörite komissiýa döretdi.

Talyban topary 15-nji awgustdan bäri Owganystanda häkimiýet başyndadyr.

Tags