Sep 25, 2021 09:56 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň halkara birtaraplaýynlyga garşylygy

Hytaý daşary syýasatynda halkara derejesindäki birtaraplaýynlyga garşylygy ileri tutýar.

Pekiniň syýasatyny yglan eden Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Jang Joon birtaraplaýynlyga garşy çözgüt ýölüň Birleşen Milletler Guramasynyň içinde raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyna garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygy meselesi Sowet Soýuzyň dargamagyndan soňra garaşsyz ýurtlar, esasanam Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan gozgaldy we dowam etdirildi. Şol döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ak tamyň ýolbaşçylygyndaky birtaraplaýyn dünýäni öňe sürdi, emma garaşsyz döwletler Waşingtonyň bu teklibini ret etdiler we köptaraplaýynlygy nygtadylar we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirdiler.
Bu nukdaýnazardan Hytaý tarapyndan nygtalýan BMG-nyň Düzgünnamasy prinsipial çözgüt ýöl hökmünde köptaraplaýynlygy gurap bilmek bilen çäklenmän, garaşsyz ýurtlar hem global meseleleriň çözgüdini diňe sebitlilik aragatnaşyk çäginde göz öňünde tutýarlar.
Eýran Yslam Respublikasynyň öňki Daşary işler ministri we Halkara gatnaşyklar boýunça professory Muhammet Jawad Zarif köptaraplaýynlygy global krizise ýeke-täk laýyk jogap hökmünde görýär we halkara we sebit guramalarynyň global gatnaşygy güýçlendirmek  üçin mümkinçilik döredip biljekdigine ynanýar.

Bu bolsa, Hytaý  we Eýran Yslam Respublikasy  hem agzasy bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, iň abraýly sebit guramalarynyň biri hökmünde sebit hyzmatdaşlygyny   ECO we Günorta Aziýadanyň SAARC ýaly beýleki sebit guramalary bilen ýakynlaşmagyny ösdürip biljekdigini aňladýar.
Dürli ykdysady we harby ugurlarda sebit güýçleriniň ösmegi bilen ABŞ-nyň gegemoniýasynyň pese gaçmagy başlandy we ýurtlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary birleşdirmek we berkitmek arkaly dowamly parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak üçin möhüm we täsirli çäreleri görüp bilerler.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýadaky halkara gatnaşyklaryň uly analitigi Sergeý Baborin sebitleýin we global ýakynlaşmagyň möhüm ugurlaryndan biri, ýurtlaryň garaşlylygyny azaldyp we  ykdysady ugurynda içerki mümkinçilikleri ulanmakdyr diýip hasaplaýar.
ABŞ-nyň sanksiýalary astyndaky ýurtlar bilen özara we köptaraplaýyn bähbitlere esaslanýan Hytaýyň hakyky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we Pekiniň dürli pudaklarda, esasanam söwda we maliýe boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Hytaýyň köp gyzyklanmaly gepleşikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin gowy tassyklama bolup bilmeden aýry,  mundan başga-da halklaryň gatnaşmagynda dowamly parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin sebit we halkara derejesinde umytlary artdyrar.

Tags