Oct 09, 2021 18:45 Asia/Ashgabat
  • Kunduzda ganly partlama we Talyban-yň  jogapkärçiligi

Owganystanyň Kunduz welaýatynda anna güni bolan ganly we terrorçylykly partlamada 100 töweregi namaz okaýan adam öldürildi we 200 töweregi adam hem ýaralandy.


Bu partlama ,Kunduz welaýatynyň Han Abad etrabynda bir şaýy metjidiniň öňünde ýüze çykdy we şu wagta çenli hiç bir topar bu hadysanyň jogapkärçiligini öz üstüne alandäldir.
Kunduz welaýatynda bir şaýy metjidinde bolup geçen bu ganly partlama, DAEŞ terrorçy toparynyň Talyban üçin çynlakaý howp däldigini we ýakyn wagtda Owganystanda bu terrorçylaryň ýatyryljakdygyny Talybanyň öňe sürenden soňra boldy.Partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almasa-da welin soňky hepdelerde  DAEŞ terrorçy topary,  owgan halkynyň şaýylaryny yzygyderli nyşana alyp , ganly partlamalar bilen hüjüm edip durandyr. Talyban toparynyň nukdaýnazaryndan bu terrorçylyk topary ,Talyban üçin howp däldir, emma bu terrorçylar Owganystanda dini söweşleri öjükdirp owgan halkyna, esasanam dini azlyklaryna  çynlakaý howp salyp durandyr.

Owganystanyň meseleleri boýunça bilermen Mowläwi Näim al-Hak Häkkani bu barada,Terrorçy  DAEŞ topary, Owganystanyň halky üçin kynçylyk döretmekde  we olaryň arasynda agyzalalyk döretmek üçin pitne we dildüwşükdir diýip aýtdy.

ABŞ bilen ýaraşyk syýasatyna garşy çykan "Talyban" agzalarynyň käbiriniň bu topardan aýrylandygyny göz öňüne tutsak, Talybanda çykan bu agzalar,Owganystandaky ganly zorlugyň sebäpleriniň biri bolup biler. Şonuň üçin Talyban topary,owgan halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kyn şertler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 
Şeýle-de Muhammet Aşraf Ganiniň hökümetiniň aňtaw gullugyň agzalary hem ,Talybanyň hökümet işindäki pozisiýasyna zyýan ýetirmäge gönükdirilen ganly partlamalary  amala aşyryp bilerler.

Her halda,Owganystanyň häkimiýetindäki "Talyban topary" owgan halkynyň, esasanam dini azlyklaryň howpsuzlygyny üpjün etmek jogapkärçiligini çekýär we eger-de Talyban owgan halky üçin howpsuzlygy üpjün edip bilmese, geljekde has köp kynçylyklara duçar bolar.  

Tags