Oct 12, 2021 10:51 Asia/Ashgabat
  • ABŞ we Ýewropadaky owgan bosgunlarynyň amatsyz ýagdaýy

Owganystandaky syýasy tolgunyşyklardan we Talybanyň ýurdy basyp almagyndan soň müňlerçe owgan ABŞ we Ýewropa ýurtlaryna gaçdy.

Bu owgan raýatlarynyň zor bilen göçmeginden birnäçe hepde soň, olaryň köpüsi serhet diwarlarynyň aňyrsynda ýa-da saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi az bolan bosgun lagerlerinde ýaşaýar.
Ýagdaý şeýle, ýakynda ýüzlerçe owgan bosguny Iňlis syýasatyny tankytlap, öz watanyna dolanmagy islediler.
“Guardian” gazetiniň habaryna görä, Iňlisleriň Owganystandan çykmagy wagtynda olar bilen ýurtdan gaçyp Angliýa gelen köp sanly owganly  olaryň myhmanhanalardaky  ýagdaýlarynyň gaty erbetdigini aýtýarlar.
Iňlis hökümeti ýakynda owgan bosgunlary üçin "mähirli garşylamak" maksatnamasynyň başlandygyny öňe sürdi, emma bu maksatnaşu wagta çenli diňe söz bolup galdy.
Beýleki Ýewropa ýurtlarynda hem owgan bosgunlarynyň ýagdaýy amatsyzdir. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Jozef Borrell Ýewropa ýurtlaryny 10,000 bilen 20,000 aralygynda migranty kabul etmäge çagyrsa-da, ÝB-niň 12 döwletiniň içerki guramalary, gaçybatalga gözleýänleriň öňüni almak üçin diwarlaryň gurulmagyna  maliýe kömekleri soradylar.
ÝB-iniň Gündogar ýurtlarynyň köpüsi ÝB-iniň hasabyna müňlerçe kilometr diwar gurmak isleýärler. Olar Gresiýa ýaly, bu päsgelçilikleri gurup, gaçybatalga gözleýänleriň girmeginiň öňüni almak isleýärler.
Gresiýanyň häkimiýetleri ozal adam hukuklary toparlary tarapyndan tankyt edilen bäş täze lageriň ilkinjisini açdy. Samos adasynda ýerleşýän lager tikenek simler bilen gurşalyp  elektron howpsuzlyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Lageriň girelgeleri gaçybatalga gözleýänleriň hereketini çäklendirmek üçin gije ýapylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarlygynyň  metbugat sekretary gaçybatalga gözleýänleriň goraga we kömege mätäçdigini aýdyp Olaryň jenaýatçy dälde , jemgyýet üçin howp däl diýip aýtdy.
ABŞ-a göçüp gelen köp owganly hem agyr şertlerde ýaşaýar. ABŞ-nyň harby işgärleriniň maglumatlaryna görä, Kabul ýykylandan soň ABŞ-a gaçyp gelen 53,000 töweregi owgan bosguny häzirki wagtda ABŞ-nyň sekiz harby bazasynda ýerleşýär.
 Emma bu ýurtlardan aýry ,owgan bosgunlary  Germaniýada, Katarda, BAE-de, Albaniýada we Ugandada hem lagerlerde agyr sosial we saglyk ýagdaýlarynda saklanýar.

Tags