Oct 14, 2021 10:06 Asia/Ashgabat
  • Owganystandaky Ykdysady Çöküşiň Halkara Ýardamlar Bilen Öňi Alynmaly

Angela Merkel G-20-niň Owganystan temaly maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.


Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Owganystandaky ykdysady çöküşiň halkara ýardamlar bilen öňüniň alynmalydygyny aýtdy.
Angela Merkel G-20-niň Owganystan temaly maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.
Merkel “Halkara jemgyýetçiligi elektrik togynyň ýokdygy we maliýe ulgamynyň bolmandygy üçin Owganystanda 40 million adamyň durmuşynyň haosa öwrülýändigine syn edip bilmez”diýdi.
Owganystandaky maliýe ulgamynyň çökmeginiň hiç kim üçin bähbitli bolmandygyna ünsi çeken Merkel “Eger şeýle bolan halatynda ynsanperwer kömegi hem berlip bilinmez” diýip belledi.
Germaniýanyň Federal kansleri Merkel, Halkara pul gaznasyna we Bütindünýä bankyna Owganystandaky maliýe ulgamynyň çökmeginiň öňüniň alynmagynda uly jogapkärçilik almalydygyny nygtady.
Merkel, terrora garşy göreşiň ähmiýetine hem ünsi çekdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida hem, G-20-niň Owganystan temaly liderler maslahatynda eden çykyşynda ýurdunyň Owganystana 190 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berjekdigini aýtdy.
Kişida, ynsanperwer kömeginiň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Owganystana ýetiriljekdigini nygtady.
Geçen hepde anna güni Gunduz welaýatynda metjide guralan bombaly hüjümi hem ýazgaran Kişida, halkara jemgyýetçiliginiň terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, ABŞ-nyň resmi wekiliýetiniň Kataryň paýtagty Dohada Talibanyň wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň içgin ýagdaýda we oňyn geçendigini aýtdy.
ABŞ-nyň wekiliýeti, amerikanyň esgerleriniň Owganystandan dolulygyna çekilmeginden soň Taliban bilen Katarda ilkinji gezek duşuşyk geçirdi.
Duşuşyk hakynda beýannama beren Praýs, duşuşygy “iş maslahaty” hökmünde häsiýetlendirdi.
Praýs, Amerikaly wekiliýetiň, Talibany sözlerine däl eýsem diňe hüjümlerine görä analiz etjekdigini açyk aýdyň beýan etdi.
Praýs, duşuşykda şol bir wagtda Owganystandaky terror howpy, Amerikan raýatlarynyň, ABŞ-na goldaw beren owganlaryň we daşary ýurtlylaryň ýurtdan aýrylmagyna rugsat berilmegi meselesiniň hem seljerlendigini ýatlatdy.

 

Tags