Oct 14, 2021 17:32 Asia/Ashgabat
  • Merkezi Aziýa ýurtlary ABŞ-nyň harby güýçleriniň bolmagyna garşydyrlar

Orsýetiň Daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ABŞ-nyň bu ýurtlarda harby güýçleriniň huzurly bolmaklaryna garşydygyny mälim etdiler diýip habar berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow penşenbe güni metbugata beren interwýusynda Orsýetiň Merkezi Aziýa sebitindäki hyzmatdaşlarynyň öz territoriýalarynda Amerikan goşunlaryny ýerleşdirmek islemeýändigini aýtdy.

Lawrow sözüniň  dowamynda Merkezi Aziýadaky goňşularymyz we biziň strategiki ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz ABŞ-nyň harby güýçleriniň bu sebitde bolmaklary kabul edip bolmajakdygyny nygtaýarlar diýdi.

Merkezi Aziýa sebiti Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistandan ybarat bolup GDA jemgyýetiň çäginde Orsýet bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýändirler.

Bitarap halkara pozisiýasyna eýe bolan Türkmenistandan başga Orsýet Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň çäginde bu ýurtlar bilen harby we howpsyzlyk hyzmatdaşlyk edýär.

Geçen aýda rus resmileri Owganystandaky Talyban hökümetiniň güýçlenmeginden we ABŞ we NATO güýçleriniň bu ýurtdan çykarylmagyndan soň ABŞ we NATO güýçleriniň Merkezi Aziýada ýerleşdirilmegine garşydyklaryny mälim etdiler.