Oct 16, 2021 11:27 Asia/Ashgabat
  •  Kandahardaky şaýy metjidinde partlama

Owganystanyň Kandahar şäherindäki Ymam Bargah atly Bibi Fatemeh metjidinde bolup geçen iki partlamada onlarça ybadatçy şehit boldy we 100 töweregi adam ýaralandy.


15.10.2021-de Owganystanyň Kandahar şäherindäki Ymam Bargah atly Bibi Fatemeh metjidinde bolup geçen iki partlamada onlarça ybadatçy şehit boldy we 100 töweregi adam ýaralandy. Bu,partlama hadysa geçen hepde Owganystandaky şaýy metjidinde bolan ikinji hadysadyr.Geçen anna güni Kunduzdaky bir şaýy metjidinde bolan bomba partlamasynda ýüzlerçe adam öldi we ýaralandy.Bu,partlama, "Talyban" Owganystandaky häkimiýeti ele geçirip, Kunduzyň terrorçylykly partlamasyndan soň Şeýle jenaýatlar gaýtalanmaz we bu topar owgan halkynyň, esasanam şaýylarynyň howpsuzlygyny üpjün edip biler diýän wadany berenden soňra bolandyr."Talyban" ozalky owgan hökümeti döwründe özüniň amala aşyran hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar, häzirki wagtda Daeş terrorçylyk toparynyň ady bilen hereket edýän Talybanyň garşydaş  toparlary bu topara we Owganystanyň halkyna garşy hüjümleri amala aşyrýar.Bu, "Talybanyň" şeýle hüjümleri amala aşyrmagyň usuly bilen tanyşdygyny we olara aňsatlyk bilen gözegçilik edip biljekdigini aňladýar. Şonuň üçin şaýy metjidinde şeýle terrorçylykly hüjümleriň gaýtalanmagy şübhelidir.
Liwanly syýasy bilermen Frans Elias bu hadysa barada:

Owganystanyň howpsuzlygyna aýdyň düşünje göz öňüne getirip bolmaýar diýmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystanda iki onýyllykdan soň şowsuz blandygyna yşarat edip, owgan krizisiniň ýeke-täk çözgüdi milli ylalaşykdyr diýdi.
Emma Kandahar şäheri "Talybanyň" adaty bazasydyr,Terrorçylaryň Kandaharda şaýylary öldürmekdäki hereketleri diňe Talybanyň abraý taýdan  aladalanmagyna sebäp bolman, eýsem terroristler Talyban bazasyny nyşana almak ukybynyň bardygyny iş ýüzünde görkezdiler we bu Bu bolsa şäheriň ýaşaýjylary üçinem alada döredip biler.

Şonuň üçin möhüm sorag, "Talyban" topary geçen hepde, ýagny Kunduzdaky terrorçylykly hüjümden soň owgan halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin haýsy howpsuzlyk we degişli çäreleri gördi? Talyban şaýylary öldürmek meselesinde passiw pozisiýa eýelän bolsa-da, terroristleriň ähli owganlaryň janyna howp salmak üçin howpsuzlyk boşluklaryny ulanýandyklaryna şek ýokdyr.
 

Tags