Oct 16, 2021 16:15 Asia/Ashgabat
  • Putin: Owganystanyň demirgazygy 2000-den gowrak DAEŞ terrorçysynyň gizlenýän ýerine öwrüldi

Orsýetiň prezidenti, Owganystanyň demirgazygynda 2000-den gowrak DAEŞ terrorçysynyň gaçybatalgasyna öwrülendigini we Merkezi Aziýa sebitinde hüjümleri amala aşyrmak isleýändigini aýtdy.

AFP habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin anna güni Owganystanyň demirgazygynda DAEŞ we al-Kaýda ýaly birnäçe terrorçy toparyň gizlenýändigini we ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa sebitinde hüjümlerini güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.

Putin ozal DAEŞ ýaly terrorçy toparlaryň elementleriniň Owganystana geçirilmegi barada duýduryş berip, ýurduň serhetlerine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini we terrorçylara garşy göreşmäge taýýar bolmalydygyny aýtdy.

"Talyban" 15-nji awgustda Owganystana musallat bolany bäri, DAEŞ terrorçy topary ýurduň dürli künjeklerinde birnäçe terrorçylykly hüjüm amala aşyrdy.

Soňky ýyllarda DAEŞ terrorçy topary öz täsirini giňeltdi we işini Owganystan we Päkistan ýaly beýleki ýurtlara ýaýratdy.

Tags