Oct 22, 2021 11:25 Asia/Ashgabat
  • Garyplygyň we açlygyň Türkiýede ýaýramagy

Ýük we ýolagçy transportynyň kireýiniň resmi taýdan ýokarlanmagy bilen, Türkiýede inflýasiýanyň ýokarlanmagy esasanam ejizleriň arasynda täze meselä öwrüldi.

 


 Halkara walýutalaryna, esasanam ABŞ-nyň dollaryna garşy Türk pulynyň hümmetiniň peselmeginden soň Türk halkynyň problemalarygünsaýyn artýar. Garyplyk çäginden aşakda ýaşaýanlaryň sanynyň günsaýyn artýandygy aýdylýar. Soňky statistikalara görä, Türkiýäniň 83 million ilatynyň 16 milliony garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar.  Türk milli walýutasynyň hümmetiniň peselmegi we soňky aýlarda inflýasiýanyň ýokarlanmagy bilen, türk ykdysadyýetinde krizisiň we ýurtda aç adamlaryň sanynyň köpelmegi baradaky çaklamalar hakykata öwrüldi.  transport bahalarynyň görlüp-eşidilmedik ýokarlanmagy, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy, inflýasiýanyň ýokarlanmagy, iş pursatyň peselmegi we işsizligiň ep-esli ýokarlanmagy, ýaşaýyş jaý kireýiniň köpelmegi, agyr elektrik we gaz tölegleri we adalatsyz paýlanyş çeşmeler  türk jemgyýetiň Erdogan hökümetiniň işi baradaky esasy tankytlaryny we nägileligini öz içine alýar . Bu ýagdaýlaryň hemmesine garamazdan, 2018-nji ýyldan bäri türk we amerikan hökümetleriniň arasyndaky düşünişmezlikleriň güýçlenip, döwlet metbugatynyň Erdoganyň hökümetini aç-açan goldaýandygy sebäpli ABŞ-nyň resmileri türk hökümetini boýkot etdiler we ýürdüň ykdysady çökgünligine girmegi bilen Türk halky rahatlygy we asuwdalygy görmediler. Aslynda, milli walýutanyň hümmetsizlenmegi, türk ykdysady krizisi başlaly bäri türk halkyny alada goýýar. Şol bir wagtyň özünde Türkiýe 50 milliard söwda defisitine sezewar bolýar we eksportyndan has köp import edýär. Bu şertlerde halkyň zerur çig mal we azyk önümlerini satyn almak üçin walýuta bilen üpjün edilmeginiň Ankara hökümetiniň we Türkiýäniň raýatlarynyň kynçylyklaryny hasam kynlaşdyrandygyna şek ýok. Garyplygyň we açlygyň ýokarlanmagy bilen birlikde, Türkiýäniň mejlisiniň agzasy we Halk Respublikan partiýasynyň başlygynyň orunbasary Wali Ag Baba Türkiýede iň pes aýlyk hakynyň tölenmegi bilen baglanyşykly:"Türkiýede aýlyk töleglerini Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirlende Ýewropada, Albaniýadan soň Türkiýe öz işgärlerine  iň pes aýlyk töleýär diýip aýtdy".Aslynda, häzirki ýagdaýda ykdysady krizisiň ýüze çykmagy, Türkiýäniň ykdysady pese gaçandygyny we üç on ýyl mundan ozal ajy ýyllara gaýdyp gelendigini görkezýär. Türk halky satyn alyş güýjüni ýitirdi we millionlarça türk maşgalasynyň azyk zerurlyklary öňküsinden has kynlaşdy.
 

Tags