Oct 22, 2021 11:37 Asia/Ashgabat
  • Taliban:

Taliban hökümeti Owganystanyň ähli raýatlarynyň pasport almaga hukugynyň bardygyny beýan etdi

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Içeri işler ministrliginiň Pasport edarasynyň Baş müdüriniň wekili Alem Gül Hakkani, BBC kanalyna beren beýanatynda, 15-nji awgustda bes edilen pasport bermek işleriniň ýaňadandan başlanmagyndan soň, gündelik takmynan 4 müň bilen 4 müň 500 aralygynda adama pasport berýändiklerini we jemi berilen pasportlaryň sanynyň 46 müňe ýetendigini belläp: "Ähli owganlaryň pasport almaga hukugy bar" diýip nygtady. 

Pasport bermek işlerini ýola goýandyklaryny aýdan Hakkani, raýatlaryň degişli şahamçalaryň üsti bilen pasportlaryny almaga başlandygyny aýan etdi. 

Hakkani, pasport berýän şahamçalaryň ähli halkyň hyzmatyna açykdygyna ünsleri çekip, daşary ýurda gitmek isleýän ähli adamlara resminama berjekdiklerini we ozalky hökümediň düzüminde bolan adamlaryň hem pasport almaklaryndan hoşal boljakdyklaryny beýan etdi. 

Talibanyň hökümetiniň owgan halkynyň gelejegi üçin arman-ýadaman işleýändigini aýdan Hakkani, hiç kimiň ýurdy terk etmäge mejbur däldigini we gorkmaly däldigini habar berdi. Emma häzirki wagtda Taliban remiýete tanazmalyga ýüz be ýüz bolýar.Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem bu hakda, paýtagt Moskwa şäherinde geçiriljek Talibanyň wekiliýetiniň hem gatnaşjak Owganystan temaly maslahatdan ozal beýanat berdi. 

  Sergeý Lawrow Russiýanyň häzirlikçe Talibany resmi ýagdaýda ykrar etmejekdigini we 15-nji awgustda Owganystanyň başyna geçen mahallary beren sözlerini ýerine ýetirmegini isleýändiklerini belläp, şol sözleriniň esasan hem hökümetiň gurluşynda syýasy we etniki öz içine alyjylyk bilen baglanşyklylarynyň üns bilen gözden geçirilýändigini beýan etdi. 

Tags