Oct 22, 2021 15:36 Asia/Ashgabat
  • Orsýet Tähran-Baku dawasynyň çözülmeginiň zerurdygyny nygtaýar

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tähran-Baku dawasyny diplomatik we syýasy ýollar arkaly çözmegiň zerurdygyny aýtmak bilen Günorta Kawkaz meselesinde ähli ýurtlaryň, şol sanda Eýranyň bähbitleri üpjün edilmelidir diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Mariýa Zaharowa" penşenbe güni geçirilen ýygnakda Eýran-Orsýet Bilelikdäki Söwda palatasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy "Jelil Jelalifaryň" soňky çykyşlaryna diýmek Azerbaýjan respublikasy iki ýurduň arasyndaky söwda garşy iş bozarlyklaryuna ünsi çekip biz hemişe Azerbaýjan respublikasy we Eýrannyň serhedindäki dartgynlygy azaltmagy maslahat berýäris we öz gezegimizde Günorta Kawkazda ähli ykdysady we transport ýollaryny açmaga synanyşýarys we bu ugurda sebitdäki ähli ýurtlaryň bähbitleri, şol sanda Eýranyň bähbitleri üpjün edilmelidir diýdi.

Zaharowa şeýle-de "Biz köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginiň sebit ýurtlarynyň hemmesine peýdaly boljakdygyna ynanýarys diýmek bieln biziň pikirimizçe, bu mehanizmiň işe girizilmegi bu ýurtlaryň arasyndaky ynamy berkitmäge we jedelleri çözmäge we ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmäge kömek eder diýdi".

Tähran-Baku gatnaşyklary, soňky hepdelerde Nagorno-Garabag sebitinde iki ýurduň arasyndaky esasy tranzit ýolunda iki sany eýranly sürüjiniň tussag edilmeginden, şeýle hem Bakuwyň Eýran bilen Ermenistan aralygynda gatnaýan ýük awtoulaglary üçin töleg ýygnamagyndan soň dartgynlylygyň täze tapgyryna gadam basdy.