Oct 27, 2021 21:17 Asia/Ashgabat
  • Polşa ,Ýewropa III jahan urşy barada duýduryş berdi

Soňky ýyllarda Polşa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar bulam-bujarlykda bolsada, Emma indi iki tarapyň arasyndaky dawalar howply tapgyra geçen ýalydyr.

 

  Soňky ýyllarda Polşa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar bulam-bujarlykda bolsada, Emma indi iki tarapyň arasyndaky dawalar howply tapgyra geçen ýalydyr.     Warşawanyň Brýussel gaznalaryna elýeterligini öňüni almak bilen,Polşanyň premýer-ministri Mätýoş Morawiki "Üçünji jahan urşy" başlanmagy barada Ýewropa Bileleşigine  duýduryş berdi.

" Polşanyň premýer-ministri Mätýoş Morawiki , Ýewropa Bileleşigi ar alyş çärelerinden saklanmaly diýip "Bu olaryň edip biljek iň akylly zadydyr sebäbi  biri-birimize ýaragly çemeleşip dursak asla gepleşik geçirmers diýip aýtdy.

Soňky aýlarda dürli ykdysady we syýasy meseleler sebäpli Polşa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dartgynlyk ýokarlandy. Aýratynam geçen aý, Polşanyň Konstitusiýa kazyýeti ýurduň kanunlarynyň ÝB kanunlaryndan ileri tutulýandygyny karar bereninden bäri dartgynlylyk hasam güýçlendi,polşaň bu garaýyşy Ýewropaly resmileriň nägileliklerine sebäp boldy we Köpler ,muny Polşanyň ÝB-den çykmagy başlamak karar höküminde gordiler.

  Ýewropa Bileleşiginiň kazyýet işi ,ÝB kanunlary, bu bileleşige agza döwletleriň milli kanunlaryndan ileri tutulmak ýörelge esaslanýar, şonuň üçin ÝB işgärleri Polşanyň konstitusiýa kazyýetiniň kararyndan nägileligini bildirip, Warşawanyň Brýussel tarapyndan käbir sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdylar.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýku Mass hem Polşany ,Ýewropa Bileleşiginden kowmak bilen haýbat atyp , eger Bir ýurduň syýasy karary Ýewropa Bileleşiginde agza bolmak bolsa, Ylalaşylan kanunlaryň doly ýerine ýetirilmegini bu ýurt üpjün etmeli diýip nygtady.

Polşa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky jedelleriň güýçlenmegi bilen zamandaş ,Polşa mundan öň  Kowid-19 sanjymynyň adalatsyz paýlanmagyna  we ,Ýewropanyň bu ýurda kömegi barada ,ÝB syýasatyny tankytlapdy.  

Polşa ÝB syýasatyny hemişe tankyt edip gelse-de, ÝB-de bolmagy iki tarap üçinem möhümdir. Russiýa bilen serhet we ýükleriň köpüsiniň gündogardan ýewro zonasyna girýän portlaryndan peýdalanmagy bu ýurdy Ýewropa Bileleşigi üçin möhüm etýär.

 

Tags