Nov 10, 2021 20:44 Asia/Ashgabat
  • Hindistanda sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň üçünji sessiýasy

Şu gün irden (çarşenbe) Eýranyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň sekretarlarynyň we milli howpsuzlyk geňeşçileriniň gatnaşmagynda Owganystandaky häzirki ýagdaýy gözden geçirmek üçin sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň üçünji ýygnagy başlandy.

Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, ýygnakda sebitdäki soňky howpsuzlyk wakalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammit Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan başlandy we 2018-nji ýylda ilkinji ýygnagy Tehranda owgan krizisine garamak üçin geçirildi.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani, üçünji sebitleýin howpsuzlyk gepleşiklerinde Owganystandaky syýasy we howpsuzlyk meselesine ünsi berilýändigne yşarat edip Bu ýygnakda sebitdäki krizisiň düzüm böleklerini, esasanam Owganystany öwrenmäge, bu ýurtda dowamly we öz içine alyjy parahatçylygy we durnuklylygy döretmäge kömek etmegiň we umumy amaly çözgütleri tapmaga synanyşarys diýdi.

Tags