Nov 21, 2021 12:24 Asia/Ashgabat
  • Hindistan Protestlere Sebäp Bolan Kanuny Bes Eder

Hindistanda güýçli garşylyklara sebäp bolan jedelli oba hojalyk kanunlarynyň bes ediljekdigi habar berildi


Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi beren beýannamasynda müňlerçe daýhanyň gazanç çeşmelerini ortadan aýyrandygy sebäpli bir ýyldan bäri protest edilýän täze ekerançylyk kanunlarynyň yza çekiljekdigini aýtdy.
Modi täze kanunlaryň güýjüni ýatyrmak boýunça proseduranyň mejlisiň dekabr aýynda başlajak gyşky sessiýasynda gün tertibinde geljekdigini beýan etdi.
Hindistanyň hökümeti 2020-mji ýylyň senýabrynda oba hojalyk pudagyna erkinleşme getirýän başlangyç nyrh we goldaw aluwy syýasatyny bes etmek hakynda 3 düzgünnamany kabul edipdi. Daýhanlar täze ekerançylyk kanunlarynyň girdejilerini azaldýandygy, araçy firmalaryň ygtyýaryny artdyrjakdygy we özleriniň ýersiz galjakdygyny öňe sürýärdiler.
Narendra Modi hökümeti taze kanunlaryň daýhanlara önümlerini satma erkinligini berip, hususy maýa goýum arkaly oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegini höweslendirjekdigini beýan edýärdi.
Kanunyň kabul edilmeginden soň Penjap we Harýanadan paýtagt Täze Delä tarap ýola düşen daýhanlar protest aksiýalaryny paýtagtda dowam etdiripdi.
Protestleriň çäginde polis gullukçylary bilen daýhanlaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirilipdi.
Hökümet bilen daýhanlaryň arasynda 11 tapgyr dowam eden gepleşikler netije bermändi.
Daýhanlar hökümetiň kanunlary 18 aý möhlet bilen saklamak hakyndaky teklibini hem kabul etmändi.
Netijesiz geçen gepleşiklerden soň daýhanlar protestleriň dowam etjekdigini habar beripdi.
Şeýle-de bolsa, Babri metjidi we Kaşmir krizisi ýaly meselelerde Luk Sabanyň goldawy bilen Modri hindileriň peýdasyna çäre görüp bildi.
Ýöne oba hojalygynda nägilelik bildirýän daýhanlar Modini öz problemalarynyň sebäbi we  iri kompaniýalaryň bähbitleriniň goragçysy hasaplaýarlar.

Tags