Nov 21, 2021 12:29 Asia/Ashgabat
  • Belarus-Polşa Serhedindäki İmmigrantlar hakda

Belarus-Polşa Serhedindäki İmmigrantlar Düşelgelerinden Çykdylar.


Belarus-Polşa serhedinde Ýewropa göçmek üçin baran adamlar serhet ýakasynda guran düşelgelerinden çykyp, Belarusyň hökümetiniň serhet zolagynda taýarlan ýapyk zolaga
Belarusyň Grodno şäheriniň serhetýaka zolagynda Ýewropa göçmek isleýän admalar tokaýlyk ýerlerde serhet ýakasynda öz mümkinçilikleri bilen guran düşelgekerindäki goşlaryny ýygnadylar.
Esasy bölegi Yrakdan, Siriýadan, Owganystandan, Eýrandan we beýleki käbir Aziýa hem-de Afrika ýurtlardan gidenler bilen birlikde bosgunlardan çagaly maşgalalar düşegeden çykdylar.
Galan az sanly adamyň hem agşam ara düşelgeden çykmagyndan soň Polşa serhediniň golaýyndaky zolak doly boşadyldy.
Belarusyň Döwlet serhet gullugy serhet ýakasyndaky düşelgeden hiç kim galmandygy üçin ol ýerde žurnalistleriň işläp bilmejekdigini, žurnalistleriň bosgunlaryň ornaşan logistiki merkezinde işlerini dowam etdirip biljekdigini habar berdi.
Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň görkezmesine laýyklykda gysga möhletde serhetýakasyndaky Bruzgi zolagynda logistiki merkeziň ýapyk binasyna ýerleşdirilen bosgunlara lukmançylyk kömegi, gyzgyn nahar, suw, gigiýena enjamlary, ýorgan-düşek ýaly gerek bolan goşlar paýlandy.
Bosgun toparlaryň 10 günden bäri sowuk howa şertlerinde çadyrlarda ýaşadan soň merkezdäki ýapyk bina gysga möhletde gitmekleri üns çekiji.
Belarusyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Nataliýa Eýsmont Belarusda häzirki wagtda 7 müňe barabar immigrantyň bardygyny, Belarus-Polşa serhedindäki düşelgede bolsa 2 müňe barabar adamyň garaşýandygyny beýan etdi. Sanlary 200 bilen 500 aralygynda bolan adamyň hem Belarusyň Ýewropa bilen bolan beýleki serhet zolaklaryndadygyny nygtan Eýsmont şolaryň Polşanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yza serpikdirilenlerden ybaratdygyny aýtdy.

Tags