Nov 27, 2021 11:08 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-ynyň  Merkezi aňtaw gullugynyň Owganystany bölmek baradaky tagallalaryna Talibanyň reaksiýasy

Talibanyň ýokary derejeli agzasy Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň Owganystany bölmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle hem Anas Hakkani Owganystandaky krizis üçin Amerikany günäkärledi.
"Taliban"toparynyň bu ýokary derejeli agzasyny, öňki owgan hökümetiniň ýagny, Muhammet Aşraf Ganiniň prezidentlik döwründe ABŞ-nyň käbir harby serkerdeleriniň owgan krizisini çözmek üçin ýurdy etnik ugurlar boýunça bölmeli we her böleginiň öz hökümeti bolmaly diýen pikirlerine esaslanyp bu sözleri aýdýar.
Bu aralykda, käbir toparlar Owganystanda federal hökümetiň gurulmagyny we etnik sebitleriň Kabuldaky merkezi hökümetiň gözegçiliginde bolmagyny teklip edipdiler.
Owganystanyň içindäki käbir syýasy akymlar Owganystanyň syýasy ulgamyny prezidentden parlamente üýtgetmek bilen bu ýurduň meseleleriniň çözüljekdigini nygtapdylar.
Şeýle-de bolsa, Donald Trumpyň ABŞ-da prezidentlik döwründe Kataryň Doha şäherinde ABŞ-Talyban arasynda 18 aýlap dowam eden çekeleşikli gepleşiklerden soň bir şertnama gol çekildi we"Talybanyň" Owganystana gözegçiligini gaýtadan ele almagy üçin şertler döredildi .Şeýle-de bu şertnama Günbatar  tarapyndan Owganystanyň syýasy geljegi üçin beýleki meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň öňüni aldy.
Owganystandaky syýasy meseleler boýunça merhum bilermen Wahid Možde Amerika bir milleti basyp almakda üstünlik gazanyp bilmese ony bölmegi iş buýrugynda goýandyr diýipdi.Şu nukdaýnazardan ABŞ bilen Talybanyň arasyndaky Doha şertnamasyna Waşingtonyň separatistik ýa-da bölünşik tagallalarynyň bir bölegi hökmünde garaldy.
Emma Doha şertnamasyny nädip durmuşa geçirmelidigi barada Taliban bilen Amerikanyň arasyndaky dawalary göz öňünde tutsak Talibanyň Hakkani Şahamçasy  muňa üns bermän, Kabuly basyp alana meňzeýär we Amerikan nukdaýnazaryndan Owganystanda zor bilen güýç gazandy.
Bu meseleler bolsa,Talibanyň  Doha şertnamasynyň ýerine ýetirilmegine dolanyp gelmegi üçin daşary ýurtlardaky owgan walýutasynyň öňüni alyp, ABŞ-ynyň ,Talibana iki esse ykdysady basyş etmegine sebäp boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Talybanyň birek-birege garşylygyny göz öňünde tutup,
Talibanyň Hakkani fraksiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Owganystany bölmäge synanyşmakda aýyplamaga we owgan Jemgyýetçilik pikiriniň basyşy astyndaWaşingtonyň Talyban bilen hyzmatdaşlyk etmegine synanyşýar.
Bu aralykda, "Taliban" guramasynyň beýleki işgärleri toparyň hökümetini Owganystanda ykrar edilmegini isleýärler.  
Şonuň üçin ,Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we içaly guramalaryna Owganystana goşulmaga bahana bermezlige "Talibanyň" arasyndaky jedelleriň çözülmegi we ýurtda  milli hökümet gurulmagy zerurdir.
Syýasy analitik Abdul Sattar Doşukiniň pikiriçe, soňky onýyllyklarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary  puştunlar  we Täjik pars Özbek, we Türkmen dilli sebitleri, we Hazaralar arasyndaky dartgynlygy güýçlendirmegi we etnik we dini ýigrençi döretmegi sleýär we Owganystanyň halky oňa garşy hüşgär bolmalydyr diýip aýtdy.

Tags