Dec 01, 2021 17:13 Asia/Ashgabat
  • Orsýet Ukrainanyň harby hereketleri barada duýduryş berdi

Orsýet, Ukrainanyň harby kuwwatynyň ýarysyny Donbasa ibermeginden soň, Ukrainanyň ýurduň gündogar bölegindäki harby hereketleri barada duýduryş berdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa çarşenbe güni ukrainanyň gündogarynda 125,000 ukrain goşunynyň ýerleşdirilendigini habar berdi.

Zaharowanyň aýtmagyna görä, Ukrainanyň hökümeti Donbas sebitinde (Luhansk we Donetsk welaýatlaryny hem goşmak bilen) agyr harby enjamlary ýerleşdirdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary käbir habarlara görä häzirki wagtda konflikt zonasyndaky ukrain goşunynyň sanynyň 125 000-e ýetýändigini ýene bir ybaratda bu ýurduň ýaragly Güýçleriniň umumy düzüminiň ýarysydygyny aýtdy.

Mariýa Zaharowanyň Donbasdaky ukrain goşunlarynyň sany barada maglumat bermegi bir ýagdaýdadyr welin Kiýew, Waşington we beýleki günbatar ýaranlary Moskwany soňky hepdelerde Ukraina hüjüm etmekde aýyplandyrlar.