Dec 05, 2021 22:26 Asia/Ashgabat

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili: Koronanyň, hatda üýtgän görnüşiniň (omikron) ýaýramagynyň öňüni almak üçin saglyk görkezmelerini berjaý etmeli diýdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili "Jafar Huseýin", EýranPress habar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde sanjymyň adamlara korona keseline rahatlygyny döretmeli däldigini aýtmak bilen bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin maska ​​örtmek, el ýuwmak, sosial aralygy synlamak we ýygnanyşyklardan gaça durmak ýaly kesgitli görkezmeler zerurdyr we haýsydyr bir ýeňil alamatlary duýsaňyz, lukmana ýüz tutmalydyr diýdi.

Jafar Huseýin sözüniň dowamynda Korona wirusynyň birmeňzeş görnüşi bolan öldüriji omikron Wirusyň käbir ýurtlarda görülendigini ýöne habar berilmändigine yşarat edip ýöne adamlar bu keseliň ýaýramagyndan habardar bolmalydyrlar diýmek bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we alymlar üýtgän keseliň ýaýramagyna garşy göreşmegiň usullaryny gözleýärler diýip yglan etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Eýrandaky wekili sözüni dowam etdirip: Begenç bilen, soňky iki-üç aýyň içinde sanjymlar Eýran Yslam Respublikasynda giňeldi we bu kesele duçar bolýanlaryň, ölýänleriň we ICU-da hassalaryň ýerleşdirilmegi ep-esli azaldy diýip nygtamak bilen Munuň özüniň uly üstünlikdigini aýtdy.

Koronawirusyň ýaýramagy we "omikron" atly täze görnüşiň döremegi bilen dünýäniň käbir ýurtlary, ikinji we üçünji güýçlendiriji dozalary sanjymdan soň, sanjymyň dördünji tapgyryny, esasanam immuniteti ýok raýatlar üçin gün tertibinde goýandyrlar.