Dec 07, 2021 22:09 Asia/Ashgabat
  • ABŞ Gündogar Ýewropa goşun ibermek bilen haýbat atýar

ABŞ döwleti sişenbe güni bu ýurt bilen Orsýetiň prezidentleriniň arasynda boljak wirtual duşuşygyň öňüsyrasynda Gündogar Ýewropa goşun iberjekdigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň döwleti Orsýetiň Ukraina garşy bolup biljek hüjümine jogap hökmünde Gündogar Ýewropa goşun iberjekdigini öňe sürdi.

Şeýle hem Waşington,Orsýetiň Ukraina hüjüm etmegi mümkin bolan halatynda Moskwa täze ykdysady sanksiýalary girizjekdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we NATO, Moskwanyň Günbatara garşy howplary bahanasy bilen, Orsýetiň topragynyň we serhet ýakalarynyň golaýynda giňden huzurly bolandyrlar.

Orsýet Ukraina bilen serhetdäki harby hereketleriniň adaty harby hereketdigini birnäçe gezek aýtsada, emma ABŞ we onuň ýaranlary Orsýetiň Ukraina bilen serhedindäki dartgynlygy güýçlendirmek ugrunda tagalla edýärler.

Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýyldan bäri NATO-nyň esasanam ABŞ-nyň  Gündogar Ýewropada we Orsýetiň golaýynda harby täsiriniň köpelmegi, Ukraina krizisi, Baltika deňzi we Siriýadaky ýagdaýlar bilen baglanşykly dartgynlaşyp gelýändir.

Tags