Jan 05, 2022 11:10 Asia/Ashgabat
  • Dünýäde Koronawirusyň ýagdaýy

Hindistanda 15-18 Ýaş Topary Üçin Sanjymlama Tapgyry Başlady.


Omikron sebäpli ýurtda sanjymlama tapgyrynyň depgini güýçlendi.Hindistanda täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli 15-18 ýaş toparyndaky ýaşlara sanjym edilmäge başlanandygy habar berildi.Hindistanda koronawirusyň Omikron görnüşine garşy berk çäreler görülýär. Omikron sebäpli ýurtda sanjymlama tapgyrynyň depgini güýçlendi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary, koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli, hassahanalarda, mekdeplerde we ýörite sanjymlama merkezlerinde 15-18 ýaş toparyndaky ýaşlara sanjym edilmäge başlanandygyny habar berdi.
Ýolbaşçylar wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygyna garamazdan hassahanada bejeri astyna alynanlaryň sanynyň artmandygyny nygtady.
Hindistanda epidemiýanyň başyndaky bäri Kovid-19 sebäpli 482 müň adam ýogaldy, 35 million adam hem hasaba alyndy.
Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 137 boldy.24 sagadyň dowamynda 382 müň 888 adam testden geçirildi.Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 54 müň 524 adama ýetdi.
aglyk ýagdaýy gowulaşan 26 müň 561 adam öýlerine ugradyldy.Beýleki tarapdan Türkiýede häzire çenli edilen birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 133 million 551 müň 202-ä ýetdi.
CNN-iň habaryna görä, ABŞ-da ýaýradylan statistikalara görä, çagalaryň ýaş toparynda her gün bäş ýüz täze Covid-19 keseli ýüze çykýar.Lukmanlaryň pikiriçe, bu statistika gaty geň galdyryjydyr.Koronawirusy alýanlaryň köpüsi koronawirus sanjymyny almadyklardyr.
Amerikaly çagalar we ýetginjekler sanjym etmekde beýleki toparlara garanyňda iň pes bolan toparyndadyr.Soňky günlerde ABŞ-nyň iň uly çaga hassahanasynda korona bejergisi üçin hassahana gelýän çagalaryň sany köpeldi.Soňky iki hepdede korona keseli sebäpli hassahana ýerleşdirilen çagalaryň sany dört esse artdy.
ABŞ-da “Covid-19” hassahanalaryna ýerleşdirilenleriň sany soňky bir hepdede 15 göterimden gowrak artdy.
"Omikron" diýlip atlandyrylýan korona wirusynyň täze ştammynyň ýaýramagy ABŞ-da korona wirusynyň dowam etmegi bilen baglanyşykly täze aladalary döretdi.

Tags