Jan 12, 2022 16:10 Asia/Ashgabat
  • Gazagystanyň prezidenti: Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň parahatçylygy goraýyş missiýasy onuň netijeliligini görkezýär

Gazagystanyň prezidenti Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň bu ýurtdaky parahatçylygy goraýyş missiýasyny bu guramanyň netijeliliginiň alamaty bildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, düýn Gazagystanyň prezidenti "Kasym Žomert Tokaýewiň" haýyşy boýunça onlaýn ýagdaýda geçirilen Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Başlyklar Geňeşiniň ýörite ýygnagynda, Gazagystandaky syýasy we howpsuzlyk ýagdaýy we bu ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Gazagystanyň prezidenti: Bu, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza döwletleriň ygtybarly harby-syýasy gurama hökmünde zerurlygyny we netijeliligini görkezýän ilkinji parahatçylygy goraýyş missiýasydy diýdi.

Bu ýygnag Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň başlygy Nikol Paşinýan ýolbaşçylyk etmeginde we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýewiň, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň, Gyrgyzystanyň primýer-ministri Akil Bek Jabbarowyň we Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Baş sekretary Stanislaw Zasyň çykyşlary bilen geçirildi.