Jan 14, 2022 14:10 Asia/Ashgabat
  • Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşununyň Gazagystandan çykarmak barada şertnama gol çekmek

Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza döwletleriň goranmak ministrleri goşunlarynyň Gazagystandan çykarylýandygyny resmi taýdan yglan etdiler.

Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza ýurtlarynyň goranmak ministrleriniň wirtual ýygnagynda olar güýçleriniň Gazagystanda bolmagynyň netijeleri we Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy güýçleriň sebitdäki durnuklylygy saklamak we howplara garşy durmak üçin çalt reaksiýa mehanizminiň ösüşini gözden geçirdiler.

Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň parahatçylygy goraýyş güýçleriniň esasy missiýasynyň üstünlikli tamamlanandygyny aýtmak bilen Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň parahatçylygy goraýjy güýçleriň çykarylmagy 13-nji ýanwarda başlanyp 10 günüň içinde bolar diýdi.

Gazagystanyň birnäçe şäherinde protestler 2-nji ýanwarda başlandy we birnäçe günden soň köpçülikleýin bidüzgünçiliklere öwrüldi.

Dartgynlylyk güýçlenmeginden soň bu ýurdyň prezident Gazagystanyň agzasy bolan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna ýüz tutdy we Ermenistan ,Orsýet , Belarus, Täjigistan we Gyrgyzystandan parahatçylygy goraýjy güýçler Gazagystana iberildi.